Ï Türkmenistan-Rumyniýa: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hatyrasyna geçirilen netijeli gepleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Rumyniýa: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hatyrasyna geçirilen netijeli gepleşik

view-icon 5161
Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan sapary özboluşly häsiýete eýe bolup, ol ilkinji nobatda, iki döwletiň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 20 ýyllygyna bagyşlandy. 1992-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň we Rumynyýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Türkmen-rumyn gatnaşyklarynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen has işjeňleşýän syýasy gepleşikleri aýratyn wajyp ähmiýete ýedir.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklar düýpli işjeňleşdi. Türkmenistayň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa bolan ilkinji sapary 2008-nji ýylyň aprel aýynda Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň Buharestde bolup geçen maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa bolan bu sapary biziň döwletlerimiziň hyzmatdaşlygynyň täze taryhynda düýbünden möhüm tapgyr boldy.

2008-nji ýylyň iýulynda we 2011-nji maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa resmi saparlary boldy. Ýokary derjede geçirilen gepleşikler tapgyry halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, iki döwletleriň gatnaşyklarynyň has hem berkemegine kuwwatly itergi berdi. Taraplar durmuş-syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda giň göwrümli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak meselelerine iki tarapyň hem ygrarlydyklaryny bellediler. Bu jähtden edarara gatnaşyklaryň , hususanda, ykdysadyýet, bank-maliýe we ýokary bilim ulgamlarynda bilelikdäki netijeli işleriň çalt depginlerde ösdürilýändigini nygtamak möhümdir. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda maslahatlar yzygiderli geçirilip durulýar.

2009-njy ýylyň iýul aýynda Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Bu günki gün Türkmenistan we Rumyniýa ýangyç-energetika toplumy, ýokary tehnologiýa we aragatnaşyk, syýahatçylyk we sport ýaly gelejegi uly bolan esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Taraplaryň „Gündogar-Günbatar“ ugry boýunça gurluşygyň ulag-kommunikasion ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri bardyr. Bu bolsa Ýewropa ýük daşalmagynyň möçberini epesli artdyrmaga, türkmen energogeçirijilerini ýewropa bazarlaryna çykarmak baradaky taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Bu nukdaý nazardan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Rumynýanyň Magaryf, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda 2008-2012-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Maksatnamasynyň çäklerinde bilim ulgamynda we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk aýdyň mysallaryň biri bolup durýar

Türkmenistan we Rumyniýa halkara we sebitleýin geosyýasatyň möhüm meseleleriniň köpüsi boýunça garaýyşlarynyň gabat gelmegini ýa-da ýakyn bolmagyny yzygiderli beýan edýärler. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Rumyniýa dünýäniň beýleki onlarça döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň energogeçirijileri dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly çykarylmagyny üpjün etmek boýunça başlangyjyny işjeň goldady. Bu işiň nerijesi bolsa, energetika howpsuzlygynyň uly göwrümli ulgamlarynyň möhüm meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiligi tarapynda işleri utgaşdyrmagyň başyny başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasynyň kabul edilmegi boldy.

Türkmenistan öz nobatynda, Rumyniýanyň halkara giňişligindäki işine uly hormat bilen garaýar. Rumynýanyň daşary syýasatynyň konstruktiw häsiýetini nazara almak bilen Türkmenistan söňky döwürkerde bu dostlukly ýurduň birnäçe başlangyçlaryny goldoýandygyny beýan etdi, şol sanda bu ýurduň BMG-niň birnäçe ýöriteleşdirilen düzümine we institutlaryna adaglygyny goldady.

Hyzmatdaşlygyň ýewropa ugruny doly göwrümleýin we toplumlaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesiniň esasy ugry bolup durýar. Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besekunyň Türkmenistana bolan resmi sapary bu babatda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek ýolunda ýene-de möhüm tapgyrlaryň bri bolar.