Türkmeistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň fiziko-himiýa esaslaryny işläp düzýär, ylmy we ýokary okuw mekdepleri üçin, şeýle hem himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri- kandidatlary we doktorlary taýýarlaýar.
Bu gözleg barlag edarasynyň gözleg-barlag binýady döwrebeplaşdyrylýar. Institutyň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Nabat Orazowanyň belleýşi ýaly, ýylyň başyndan bäri germaniýaly iň gowy önüm öndürijilerden barlaghana sentrifuglary, termograwimetr üçin fransuz enjamy gelip gowuşdy. ABŞ-dan getirilen ajaýyp enjam hem institutyň gazanany boldy. Bu enjam himiýa bilen meşgullanan hünärmenlere uly tehnologiki işleri amala aşyrmaga we zerur himiki seljermeleri geçirmäge şert döredýär. Nebit we gaz himiýasy ulgamynda gözleg-berlag işlerini geçirmek, şeýle hem organiki sinteziň iýmitleri üçin Beýuk Britaniýadan nebit we nebit önümlerini fraksion gaýtadan arassalamak üçin enjam alyndy. Iň täze enjamlary, öňdebaryjy maksatnamalaýyn üpjünçiligi ulanmak gözleg-barlag zähmetiniň netijeliligini artdyrýar.
Institutyň hünärmenleri tarapyndan 1300-den gowrak makalalar, kitaplar we monografiýalar taýýarlanyldy we çap edildi, 120-den gowrak awtorlyk şahadatnamasy we tassyknama alyndy. Bu ýerde 150-den gowrak ylymlaryň kandidatlary we doktorlar taýýarlanyldy. Himiýa institutynyň işgärler sanawynda ylymlaryň kandidatlarynyň 18-si we doktarlaryň 3-si , şol sanda bir sany Türkmenistanyň YA habrçy agzasy işleýär.
Häzirki wagtda institut bäş tema, şol sanda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda katalitiki riforming enjamynda alynýan riformatdan aromatiki uglewodorodlary almagyň şertlerini işläp taýýarlamk we önümçilige ornaşdyrmak bilen bagly, birleşmeleriň, „dagynyk“ himiýa elementleri almagyň ylmy esaslary boýunça ylmy-gözleg işleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem gözleg ugurlarynyň hatarynda – ýerli kwars çägesinden kremnini almagy öwrenmek, ýerli çig maldan kaliý sulfatyny almagy işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak, „Altyn asyr“ türkmen kölüniň we Sarygamyş kölzniň gidrohimiýasynywe ekologiýasyny öwrenmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.
Bu institutyň gözleg-berlag işleri oba hojalyk toplumy; ekologiýa, tebigaty netijeli peýdalanamak; energetika, ýangyç we onyň tygşytlylygy; himiýa tehnologiýasy; täze bäsdeşlige ukyply önümleri öndürlemk ýaly esasy ugurlar bilen meşgullanýar.
„Altyn Asyr “ Türkmen kölüniň suw-şor ulgamymynyň fiziko-himiki aýratynlyklarynyň çuňlaşdyrylan gözleg-barlag işlerine esaslanan ekologiýa ulagamyndaky ylmy-gözleg işleri „Türkmensuwylmytaslama“ suw hojalyk taslama institutynyň hünärmenleri bilen işjeň hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Institutda işlenilip taýýarlanylan ýokary arassalanan epsomiti (sulfatlaryň klasynyň mineraly) almagyň tehnologiýasy „Garabogazsulfat“ önümçilik birleşiginde üstünlikli ornaşdyryldy. „Guwlyduz“ kombinatynda azyklyk duzy ýodlaşdyrmak boýunça enjam döredildi. „Hazar“ himiýa kärhanasynda biziň institutymyzyň alymlary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we ornaşdyrylan kalsiý gipohloritiniň önümçiligi eýýäm birnäçe ýyldan bäri işläp gelýär. Türkmenabadyň Himiýa kärhanasynda organomineral dökünleriniň önümçiligi özleşdirildi. „Maryazot“ önümçilik birleşiginde institutyň hünärmenleriniň kömegi bilen kalsinirlenen sodasynyň we koagulýantyň – demriň sulfatynyň önümçiliginiň tehnologiýasy ornaşdyryldy. Alymlaryň köp sanly ylmy işläp taýýarlamalary nebit senagatynda (Türkmenbaşynyň NGIZ toplumynda, Seýdiniň NGZ), gaz pudagynda („Döwletabatgazçykaryş“, „Lebapgazçykaryş“, Kükürtli gaz çykaryş kärhanasynda), energetikada (Türkmenbaşy ş. Ýylylykelektromerkez, Maryda we Abadanda gidroelektrostansiýa, Seýdi şäherinde ýylylykelektromerkez), gurluşyk senagatynda (Baharly etrabynda sement zawody, Ruhabat etrabynda turba zawody) ulanylýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda iň täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak has netijeli boldy. Muňa mysal edip, „Türkmenturba“ paýdarlar jemgyýetiniň turba önümçiligini, Baharlynyň we Keletäniň sement zawodlarynyň semendini, „Tejenkarbamid“ kärhanasynyň ammiagyny we karbamidini, „Bereket“ ýod kärhanasynyň ýoduny görkezmek bolar.
Şeýle hem institut „Maryazot“ önümçilik birleşigi, husuy kärhanalar bolan - „Dostluk birleşigi“ , „Kaliý“ hojalyk hasaplaşygyndaky birleşik we we ýurdumyzdaky beýleki düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan hem başga institutyň barlaghanalarynda dürli döwlet we hususy kärhanalardan gelip gowuşýan nusgalyklarda dürli seljermeler geçirilýär. Önümçilige işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy uly ykdysady netijeler berýär.
Himiýa instituty ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti we ýurduň ýokary agrar mekdebi, himiýaçilary- laborantlary taýýarlaýan orta hünärmen mekdepleri, şeýle hem aýratyn zehinli çagalar Döwlet mekdep-internaty bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Institutda köp babatda köp ugurly işleri bilen baglanyşykly ýaş alymlaryň özbaşdak işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir. Onuň ilkinji nobatdaky wezipeleri 2012-2016-njy ýyllarda ylmy ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem 2011-2015-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen ylmyň we tehnologiýalaryň, ylmy-gözleg işleriniň esasy ugurlarynyň ýörite Sanawynda kesgitlenendir. Onuň sanawy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň öňünde duran iň möhüm gözlegleri kesgitledi.