Türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan VII forumy öz işini tamamlady.
Wekilçilikli forum türkmen topragyna Arkalaşygyň ýurtlaryndan köp sanly wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda gönükli syýasatçylar, medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriň, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary bar.
Öň habar berlişi ýaly, jemleýji mejlisden soň forumyň işi belli bir ugurly bölümçeleriň ýedisi boýunça dowam etdi, şolaryň barşynda oňa gatnaşyjylar ynsanperwerlik kuwwatyny ösdürmek, köp görnüşli milli medeniýetler, häzirki zaman şertlerinde maddy we ruhy miras, köp ýaýlymly maglumatlar aragatnaşyklaryny kemala getirmek we başgalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “GDA gatnaşyjy döwletleriň ynasanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy: ugurlar we geljek”atly bölümçäniň işiniň barşynda hünärmenler Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, ony ösdürmegiň orta möhletli we uzakmöletli geljegini kesgitlediler.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen bölümçäniň işinde gyzyklanyp pikir alyşmak boldy, onuň barşynda forumyň wekilleri ylymda we innowasiýalarda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meselelerini, GDA-nyň ýaş alymlarynyň geňeşiniň hereket etmeginiň we ösdürmegiň geljegini, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylmy gaznalarynyň gatnaşyk emeginiň usullaryny ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolan bölümçäniň mejlisine gatnaşyjylar 2012-nji ýylyň GDA-da sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bedenterbiýe we sport babatda dürli taslamalara garaldy, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde halkara we milli tejribeler, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, çagalar-ýetginjekler we talyplar sportuny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
2013-nji ýyly GDA-da ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak ýyly hökmünde geçirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bölümçäniň mejlisiniň mowzugy boldy. Oňa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramagy ösdürmegiň dünýädäki meýilleri babatda ekologiýa biliminiň we ylmynyň aýratynlyklaryna, adamyň deňiz ekoulgamyna täsiriniň dürli talaplaryna garadylar. Şunuň bilen baglanyşykly, GDA ýurtlarynyň ilatynyň ekologiýa taýdan bilim almagyny işjeňleşdirmegiň möhümdigi hem nygtalyp geçildi.
“GDA-nyň maglumatlar giňişliginde medeni miras” mowzugy Erkin döredijilik merkezinde bolan bölümçäniň mejlisiniň meselesi boldy. Gyzyklanyp pikir alyşmagyň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan bolan hünärmenler Arkalaşygyň dürli medeni we dilleriň köpdürlüliginde žurnalistikanyň kadalaryny kemala getirmekde ýaşlara bilim bermegiň orny, şeýle hem GDA ýurtlarynyň köp ugurly syýasatynyň maglumatlar giňişligini ösdürmäge täsiri ýaly meseleleri gozgadylar. Medeni mirasy gorap saklamak meseleleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde halkara taslamalaryny guramagyň usullary mejlisiň aýratyn mowzugy boldy.
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda geçirilen mejlis GDA-nyň giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň tejribesine bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýetara gatnaşygynda Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny belläp, milli aýratynlyklary we gazanylan üstünlikleri saklap galmagy nazara almak bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alşyp, gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemekde GDA-nyň ýurtlarynyň özbaşdak çemeleşmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen mejlis "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlandy. Duşuşyga gatnaşyjylar Hazar sebitindäki bu halkara şypahanasynyň biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde ornuny, şeýle hem ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu gün forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň dürli ajaýyp ýerleri we medeni edaralary bilen tanyşdylar. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Medeniýet şäherçesine, Bagt köşgüne, Halkara atçylyk sport toplumyna we Konstitusiýa binasyna baryp gördüler. "Awaza – Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni-öwreniş merkezi” bölümçesine gatnaşyjylar bolsa Türkmenbaşy şäherinde bolup, Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzümi bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Maslahat köşgünde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň ýapylyş dabarasy boldy. Foruma gatnaşyjylar netijeli işlemäge döredilen şertler, Aşgabatda Arkalaşygyň giňişliginde gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesinde türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň işiniň jemleri boýunça Rezolýusiýa kabul edildi.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan foruma gatnaşyjylar üçin resmi nahar berildi.