GDA garnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet instituynda geçirilen toparyň işi „Ylymda we innowasiýalarda ýaşlar hyzmatdaşlygy“ diýlip atlandyrylýar. Uniwersitetleriň ýewroaziýa assosasyýasynyň prezidenti, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory, wise-prezident, RYA akademigi W.A.Sadowniçiý toparyň işini açmak bilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň geçmişi bilen gysgaça tanyşdyrdy.
Mejlisi yzygiderli geçirilýän Uniwersitetleriň ýewraziýa assosasiýasynyň döredilmegi täze gatnaşyklaryň ýolunda ilkinji ädilen ädim boldy. Assosasyýanyň gurultaýy 1993-nji ýylda Aşgabatda çagyryldy. Şu mynasibetli Wiktor Antonowiç Sadowniçiý: „Bu günki gün men özümiň Aşgabat bilen bolan ilkinji duşuşygymy, türkmen halkynyň myhmansöýerliligini aýratyn mähir bilen ýatlaryn. Meniň siziň ýurduňyzyň prezidenti bilen duşuşygym boldy. Men döwlet uniwersitetine baryp gördüm, bu ýerde dürli ugurlar boýunça okadyş usuly bilen içgin gyzyklandym. Türkmen maşgalalarynda bolup gördüm, türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlaryny öz gözüm bilen gördüm, milli myhmansöýerligi bütin kalbym bilen duýdum. Ynha indi, ýigrimi ýyldan soň, türkmen paýtagty foruma gatnaşyjylary – ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, ylmyň we bilimiň beýleki görnükli wekillerini, döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşy alýar“- diýip gürrüň berýär.
Bilimiň we ylmyň ösdürilmeginiň hili köp babatda bu ileri tutulýan ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňlik derejesini öňünden kesgitleýär. Wagtyň geçmegi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiýasy, hem GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmyintelligensiýasynyň forumy döredildi. Onuň gözbaşynda bolsa Russiýanyň meşhur medeniýet, ylym we bilim işgärleri – Kirill Lawrow, Mihail Şwydkoý we Wiktor Sadowniçiý durýardylar. Bu gurluşlaryň ýolbaşçylygynda geçirilen forumlaryň çäklerinde döredijilik we gumanitar mümkinçilikleri, bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly iň möhüm meselelere garalyp geçilýärdi.
Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Forumynyň ýolbaşçylygynda esasy hyzmatdaşlyk – däbe öwrülen talyplaryň we aspirantlaryň gatnaşmaklarynda Lomonosow halkara forumy, ylymlar festiwallary we predmet olimpiadalary bolup durýar diýip W.Saýdowiçiý belledi. Diňe Russiýanyň mysalynda soňky geçen ýylda geçirilen olimpidalarda mekdep okuwçylrynyň 700 müňüsi gatnaşdy, olaryň 50 müňe golaýy GDA ýurtlarynyň ýaş bilermenleridir.
Beýleki foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nanatehnologiýany ösdürmäge gönükdirilen ýaşlar üçin maksatnama, innowasion taslamalar boýunça ýaş alymlaryň tejribelerini baýlaşdyrmak boýunça çäreleri guramak, GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlaryň meseleleri boýunça Geňeşiniň işiniň esasy ugurlary, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.