Ï Ýaş bezegçiniň ilkinji işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş bezegçiniň ilkinji işleri

view-icon 842
Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda ýaş surtakeş-bezegçi Jennet Pallykowanyň işleriniň görkezilişi geçirildi. Bu ýerde ol öz işlerini döretmekde peýdalanan milli nagyşlar, bezegler, keşdeler toplumyny görkezdi.

Bu görkeziliş hakyky şatlyk-şagalaňa öwrülip, onda çeper höwesjeň artistleriň-talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde sazlar we häzirki zaman estrada aýdymlar ýaňlandy.


Jennet çagalykdan surat çekmekligi öwrendi, ol öz zehinini keramikada we monumental surat çekmekde synap gördi. Ol Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlap, Çeperçilik akademiýasynyň talyby boldy. Bu görkeziliş bolsa onuň işleriniň ilkinji şahsy uly sergisidir. Bu serginiň bolsa onuň saýlap alan hünäri boýunça ilkinji ädimleriniň üstünlikli badalga alndygyny gürrüňsiz hasap etse bolar.

Biziň günlerimizde bezegçiler diňe bir lybasy döretmän, eýsem olar durmuş keşbini emele getirýärler – diýip, Jennet gürrüň berýär. Modalar dünýäsinde meşhur bezegçi bolmak üçin döredýän keşbiň ideýasyny bileniň az bolýar. Eýsem ony kagyz ýüzünde beýan etmegi hem başarmaly. Dürli medeniýetler göwrüminde pikir etmek hökmandyr, diňe bir bezegçiligiň tehnikasyny we mata biçmekligi, tikmekligi bilmek bilen çäklenmän, eýsem moda we sungat ulgamynyň taryhyny çuňňur bilmeli.


Ýaş türkmen bezegçisi öz işlerinde zenan lybaslarynyň owadan görnüşlerini döretmek bilen, milli däp-dessurlary, modalar dünýäsiniň soňky akymlaryny we ajýyp ideýalary başarnykly peýdalanýar. Türkmen milli bezeglerini ulanmak, däp bolan nagyşlary döwrebaplaşdyrmak, olary teklip etmekde täze çözgütleri tapmak ýaş bezegçiniň işleriniň esasy ugurlary bolup durýar.

Örän inçelik bilen taýýarlanan lybaslardan gözüi aýryp bolmaýar. Tebigy ýüpekden, şifondan, mahmaldan, atlazdan tikilen köýnekler - altyndan we kümüşden taýýarlanan gulakhalkalar, bilezikler, gülýakalar, saç üçin ildirgiçler, monjuklar bilen bezelen elde taýýarlanylan milli nagyşlar we keşdeler halk döredijiligine özboluşly öwüşgin çaýyp, ajaýyp görnüşleri emele getirýär.