Ï Energetikler üçin okuw-sergi poligony
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energetikler üçin okuw-sergi poligony

view-icon 1177
Maryda Döwlet elektrik institutynyň ýanynda Okuw-önümçilik merkezi açyldy. Bu merkeziň işiniň esasy ugurlary – ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika, ýangyç we olary tygşytlamak ýaly ugurlar bolup durýar. Olar Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça 2011-2015-nji ýyllarda amala aşyryljak ylmy-gözleg işläp taýýarlamalaryň Sanawynda görkezilendir.


Okuw-önümçilik merkezi Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň maddy we maliýe goldawy esasynda döredildi. Okuw-önümçilik merkezinde kuwwatlylygy 12 MWt bolan gazturbina elektrik stansiýasy, ýel elektrik stansiýasy, şeýle hem günüň energiýasyny peýdalanýan 2 kWt-lyk elektrik stansiýasy ýerleşdirilendir. Onuň gurnama we düzme işlerini Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň, „Maryenergo“ önümçilik birleşiginiň hünärmenleri we talyplaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmaklarynda ýerli energetika üpjünçilik kärhanasynyň hünärmenleri amala aşyrdylar.

Indi bu ýerde amaly sapaklar, talyplar üçin barlaghana işleri geçirilýär. Meselem, bu ýerde ýygnalan we sökülen görnüşdäki uly görkezme esbaby hökmünde we amaly usulda özleşdirmek üçin gazturbina elektrostansiýalarynyň energiýa tygşytlaýjy ulgamynyň enjamy goýulandyr. Şunlukda, talyplar diňe bir şular ýaly stansiýanyň işleýiş usulyny öwrenmän, eýsem onuň gurluşyny, şaýlaryny we beýleki abzallaryny görmek arkaly hem öwreni bilýärler.


Kanadanyň „Kanadiýen sollar“ kompaniýasynyň gün stansiýasy on alty sany panelden ýygnalandyr. Mälim bolşy ýaly, biziň diýarymyz asuda günlere örän baý – şeýle günleriň sany ýylda üç ýüzden hem geçýär. Şonuň üçin hem gün energiýasyny peýdalanmak – hökmany zerurlykdyr. Ýöne stansiýa energiýany günüň gyzgynlygyndan işläp taýýarlaman, şöhle energiýasyndan – ýagtylykdan işläp taýýarlaýar. Biziň şertlerimizde bolsa, haçan-da daşardaky howanyň ýokary bolmagynda, paneller örän gaty gyzýarlar. Bu ýagdaý bolsa olaryň netijeli hereketiniň koeffisentini peseldýär. Sebäbi olar aram howada has gowy işleýär. Şonuň üçin hem mesele olary nädip sowatmalydygy barada barýar. Biz ony çözmek bilen, amaly maksatlar üçin goşmaça energiýany alarys. Eýýäm bu ugurda işler alnyp barylýar.


Okuw önümçilik merkeziniň binýadynda däp bolmadyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen, netijeli energiýa üpjünçilik ulgamynda ylmy gözlegler alnyp barylýar. Merkeziň golaý we gelejekdäki maksatnamalarynda günüň, ýeliň, suwuň we bioýangyjyň energiýalaryny peýdalanmak bilen energotygşytlaýjy tehnolgiýalary, şeýle hem adaty energetika enjamlar toplumynda ýangyjyň ýerli görnüşlerini (dizel elektrostansiýalary, gazturbina we beleki enjamlar) işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Golaý wagtda bu merkez takmynan bir ýarym gektary eýelär – bu ýerde elektrik geçirijiler ugurlarynyň sütünlerini goşmak bilen, elektriki gurluşlaryň gurnamalary peýda bolar.

Şeýle hem bu merkez energetika ulgamynda täzelenýän energetika, öňdebaryjy pedagogiki tejribäni we iň täze innowasion tehnologiýalary öwrenmek, umumylaşdyrmak we ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki we daşary ýurt innowasion taslamalara gatnaşmagy üpjün etmäge borçludyr. Bularyň barysy hünärmen-energetikleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we bilimlerini artdyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň okuw-sergi poligonyny döretmek we täzelenýän energetika ulgamynda maslahat beriş hyzmatlaryny etmek, ylmyň we önümçiligiň ýakyn özara aragatnaşygyny amala aşyrmak hem-de ХХI asyryň alymynyň şahsiýetini emele getirmek üçin binýat bolup durýar.