Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylhamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylhamy

view-icon 998
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge bagyşlanan maslahat boldy. Maslahatyň işine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar milletiň Lideriniň ählihalk maslahatynda çykyş edip, öňde goýlan görkezmelerini durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns we goldaw bermiegi netijesinde milli medeniýetimiz özüniň täze galkynyş we gülläp ösüş ýolunda kuwwatly itergä eýe boldy. Bu ulgamda alnyp barylýan döwlet syýasaty biziň jemgyýetimiziň ruhy-medeni taýdan hemmetaraplaýyn ösmegine, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly çemeleşmäge, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny nesilden-nesile geçirmäge, milli we taryhy gymmatlyklaryň, ene dilimiziň özboluşlylygyny saklap galmaga gönükdirilendir.

Şu jähetden ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň öňünde milletimiziň örän baý taryhy medeni mirasyny giňden wagyz etmek, halkymyzyň özboluşly gaýtalanmajak döredijilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek we türkmen medeniýetiniň milli özboluşlylygyny saklamak bilen döwrüň ruhuna kybapdaş täze eserleri döretmek ýaly jogapkärçilikli wezipe durýar.

Döwlet Baştutany döredijidik işi bilen meşgullanýan intelligensiýanyň wekilleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna, şeýle hem olaryň alyp barýan işleriniň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary ruhy ölçeglerine laýyk gelmelidigine, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga goşant goşmalydyklaryna aýratyn ünsi çekdi. Biziň döwletimiz kuwwatly ykdysady we ynsanperwerlik mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, jemgyýetimiziň ruhy we demokratik esaslarynyň berkidilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çemeleşýär.

Maslahata gatnaşyjylar medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň netijeli döredijilik işi bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmekde bu ulgamlaryň zerurlygy üçin hünärmenleri taýýarlamakda we ýaş zehinleri goldamakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ägirt uly ähmiýet berýändigini aýratyn bellediler.

Ýurdumyzda gurlan ajaýyp Ruhyýet Köşkleri, birkemsiz abzallaşdyrylan muzeý we kitaphana jaýlary, teatrlar, sungat mekdepleri we medeniýet öýleri, paýtagtymyzda peýda bolan döredijilik şäherjigi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen operasy, teatr we sirk sungaty, kino özüniň täze ösüşine eýe boldy. Neşirýat işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleri, şol sanda “Türkmen owazy” aýdym-saz teleýaýlymynyň açylmagy we iň häzirki zaman “Türkmenistan” teleradiogepleşikler Merkeziniň ulanmaga berilmegi netijesinde ep-esli işjeňleşdi.

Türkmenistanyň Prezidlentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda köpasyrlyk milli medeniýetimizi goldamaga, şol sanda medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşygyna bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň möçberleri ep-esli artdyryldy. Türkmen döwletiniň Baştutany Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, medeniýet edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, kinematografiýany, arhiw we neşirýat işini ösdürmäge ýardam bermek, kitaphanalar ulgamyny kompýuterleşdirmek we maglumatlar bilen üpjün etmek wezipeleri bilen bir hatarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda esasy wezipeleri kesgitledi.

Ähli adamzat üçin hem uly ähmiýeti bolan türkmen halkynyň örän baý medeni mirasyny mundan beýläk-de aýawly gorap saklamak hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde giň halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyzda dürli festiwallar, sergiler we bäsleşikler yzygiderli ýagdaýda geçirlýär. Olara diňe bir biziň ýurdumyzda medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we ýaş zehinliler däl-de, eýsem daşary ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde, GDA-nyň medeniýet merkezi derejesi berlen Mary şäherinde ynsanperwerlik çäkleriniň birnäçesi guraldy. Aşgabatda oktýabr aýynyň ortasynda geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň VII Forumy netijeli ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda uly ähmiýetli waka boldy. Öz gezeginde biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we ýakynlaşmagyna, dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýärler.

Milletiň Lilderi tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň örän derwaýysdygyny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň çagyryşyna medeniýet işgärleriniň öz ylhamyny häzirki döwrüň hakykatyny döredijilik taýdan şöhlelendirmäge bagyşlajakdyklaryny, täze taryhy döwrüň gazananlaryny wasp edýän, jemgyýetimiziň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän täze eserleri döredip, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etmek bilen, ýaş nesli watançylyk, ruhy ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam berýän, halkymyzda Watana bolan buýsanjy artdyrýan eserleri döretjekdikderini nygtadylar. Şunda edebiýat, teatr we kino işgärleriniň, suratkeşleriň, žurnalistleriň döredijilik işlerinde özboluşly ýollary gözlemekleriniň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent taglymlaryny kemala getirmekde uly orun eýelejek eserleri döretmekleriniň möhümdigi bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar milletiň Liderine özleri hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Medenietimizi täze has belent derejä çykarmak we täze eýýamy görlüp-eşidilmedik döredijilik ýokary göterilişi gazanmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny we maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli güýç-gaýratlaryny, zehinlerini we başarnyklaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.