Türkmenistan döwlet dolanyşygy ulgamynda aragatnaşyk tehnologiýasynyň täze derejesine geçdi
Bu täzeligi häzirki zaman türkmen döwletiniň köp sanly gazananlarynyň ýokary derejesine goşmak mümkin. Wagtyň geçmegi bilen onuň derwaýslygy we ähmiýeti barha ýokarlanýar. Häzirki döwürde şeýle ösüşler ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Daşary ýurtly hünärmenlerde bolsa öz kärdeşleriniň gazanýan üstünliklerine bolan hormaty hem-de haýran galmagy şertlendirýär. Türkmenistanyň aragatnaşykçylary häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň özboluşly görnüşini kemala getirýär.
Ozal habar berlişi ýaly, 30-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyzyň göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berlişi ýaly, döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan döwlet dolandyryş ulgamyna maglumatlar tehnologiýalyryny ornaşdyrmak babatynda, hususan-da, welaýat häkimleri bilen etrap häkimleriniň arasynda göni aragtanşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlaryny geçirmegi üpjün etmek boýunça milli taslamanyň ikinji tapgyry badalga aldy.
Wideoşekilli aragatnaşygyň bu ulgamynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda elektron hökümetini kemala getirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Onuň konsepsiýasy täze çemeleşmeleriň esasynda döwlet dolandyryşyny guramagyň ýörelgelerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu maksatnamanyň ilkinji tapgyrynda iş dolandyryşyna resminamalaryň elektron görnüşini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, hökümet derejesinde wideoşekilli-selektor aragatnaşygy üpjün edildi. Bu bolsa döwlet Baştutanynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragtanşyk boýunça wideoşekilli iş maslahatlaryny geçirmäge mümkinçilik berdi.
Ikinji tapgyryň çäklerinde etraplaryň we şäherleriň häkimliklerini hem hasaba almak bilen, ähli düzümlerdäki ýolbaşçylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklap durmak üçin hem-de sebitleriň derejesinde netijeli dolandyryş işini üpjün etmek maksady bilen welaýat düzümleriniň derejesinde göni aragtanşyk arkaly wideoşekilli maslahatlar ýola goýuldy.
Taslamanyň üçünji tapgyrynda çylşyrymly ýokary tehnologiýalar toplumyny öz içine alýan wideoşekilli aragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Onda “uzak aralykdan gatnaşmagy” üpjün edýän bu ugur boýunça dünýäde öňdebaryjy öndürijileriň programma üpjünçiligi, öňdebaryjy enjamlar herekete giriziler. Bu ulgam döwlet dolandyryşynyň ähli düzümlerinde has doly maglumat seljeriş üpjünçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutup, wezipeli adamlara islendik wagtda sebit we etrap düzümleri bilen aragatnaşyga girmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda uzak aralykdan wideoşekilli maslahatlary geçirmek tizlikde toparlaýyn işi guramaga ýa-da ýüze çykan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, dörän ýagdaýlara tizden-tiz täsir etmäge we zerur bolan çözgütleri kabul etmäge, şeýle hem ýokary, sebit we ýerli häkimiýet edaralarynyň, çäkleýin düzümleriň hem-de döwlet kärhanalarynyň ulgamynda berlen görkezmeleriň we tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde döwlet dolanyşygynyň zerur usullarynyň biri bolup durýar.
Wideoşekilli maslahatlaryň giňden ornaşdyrylmagynyň iş ýüzündäki bähbitli taraplarynyň hatarynda – wagty we saparlara harç edilýän serişdeleri tygşytlamak, dolandyryş işleriniň we tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň esasynda maglumatlary toplamagy, seljermegi we taýýarlamagy çaltlaşdyrmak we beýlekiler bar. Maglumatlar tehnologiýasy bolsa häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň maglumatlar jemgyýetine tarap hereketiniň möhüm görkezijileriniň biridir.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça iri möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi aragatnaşyk serişdeleriniň we elektron dolandyryşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça, ýagny hökümet dolandyryş düzüminiň ýaýbaňyny döretmek boýunça täze wezipeleri öňde goýýar. Şunda syýasy, ykdysady, durmuş işlerini we dolandyryş üpjünçiligini kämilleşdirmegiň esasy guraly hökmünde döwlet Baştutany tutuş döwlet ulgamyny maglumatlar tehnologiýalary bilen üpjün etmek wezipesini kesgitledi.
Şu maksatlar bilen geçen ýylyň iýun aýynda milletiň Lideriniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanynda kompýuter tehnologiýalary bölümi döredildi. Bu bolsa elektron hökümetini kemala getirmegiň ýolundaky ädimleriň biri boldy. Türkmenistanda döwlet dolandyryşyna elektron resminamalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça halkara ekspertleriniň we görnükli daşary ýurt hünärmenleriniň gatnaşmagynda guralan maslahatlar, tanyşdyryş çäreleri we okuwlar hem şu meselä bagyşlandy. Elektron resminamalar dolanyşygynyň artykmaç taraplarynyň biri hem iş dolandyryşyň barşyna mümkin boldugyça tiz we netijeli gözegçilik etmekden ybaratdyr. Edara resminama gowşan badyna ol elektron görnüşine geçirilýär, şondan soňra kompýuter ulgamy arkaly ygtyýar bermegiň tapgyryny geçýär hem-de ýerine ýetirmek üçin degişli bölüme we hünärmene tabşyrylýar. Şunda ýolbaşçy islendik pursatda birnäçe sekundyň içinde resminamanyň nähili ýagdaýdadygyny, haýsy hünärmeniň elindedigini we şu pursatda resminamany düzetmek üçin nähili anyk işiň geçirilýändigini kesgitlemäge mümkinçili bardyr. Bir söz bilen aýdylanda, ozal şol resminamany resmileşdirmek üçin köp sagatlar we hatda günler hem sarp edilýän bolsa, indi ol işleri birnäçe sekundyň içinde ýerine ýetirip bolýar we munuň özi ahyrky netijede kärhanalaryň we edaralaryň iş netijeleriniň ýokarlanmagyna getirer. Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň dürli edaralarynyň köp sanly işgärleri eýýäm bu usulyň bähbitli tarapyna baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Resminamalar dolanyşygyny elektron görnüşide geçirmegiň has tiz ornaşdyrylýan pudaklarynyň biri hem saglygy goraýyş ulgamydyr. Bu ulgam paýtagtymyzyň ähli lukmançylyk edaralarynyň, soňra bolsa ýurdumyzyň ähli sebitleriniň saglygy goraýyş düzümlerini esasy maglumatlar gaznasyna çykmaga mümkinçilik berýän umumy merkezleşdirilen ulgama birleşdirer. Bu bolsa şahsylaşdyrylan her bir anyk näsag üçin maglumatlary özünde saklaýan elektron lukmançylyk kartalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Pudaga resminama dolanyşygynyň elektron görnüşiniň girizilmeginiň belli bahasy ýokdur. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň talap edişi ýaly, elektron dolandyryşyň sazlaşykly işlemegi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna – ýangyç-energetika toplumyna, himiýa, gaýtadan işleýän, dokma we azyk senagaty pudaklaryna, gurluşyk senagatyna, demir ýol, ulag, howa we suw ulag pudaklaryna, bilim we telearagatnaşyk ulgamlaryna hem giňden ornaşdyrylmalydyr.
Ähli pudaklarda resminamalar dolanyşygynyň elektron görnüşiniň ornaşdyrylmagy kärhanalaryň işlerine netijeli gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam bermek bilen, iş dolandyryşyň ýola goýluşynyň tutuş tapgyryna tiz gözegçilik etmäge, resminamalary resmileşdirmek işiniň tizleşdirilmegine mümkinçilik berer. Bu artykmaçlyklaryň hemmesi ahyrky netijede diňe bir aýry-aýry kärhanalarda we pudaklarda önümçilik depginleriniň ösmegini ýokarlandyrmaga täsir etmän, eýsem, ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny ösdürmäge hem öz täsirini ýetirer.
Elektron hökümetini ornaşdyrmagyň tejribesi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara bolan saparlary mahalynda hem üns merkezinde boldy. Mysal üçin, döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary mahalynda Kazandaky IT- parka baryp gördi. Ol ýerde döwlet düzümleri üçin, şol sanda ýurduň raýatlaryna döwlet tarapyndan edilýän elektron görnüşindäki hyzmatlaryň tutuş toplumy milletiň Liderine aýratyn gyzyklandyran mesele boldy we şeýle usullary biziň ýurdumyzda hem ornaşdyrmak göz öňünde tutuldy.
Ylmy-tehniki iň täze gazanylanlary tejribede işjeň peýdalanmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwlet Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öň ýanynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň täze edara binasynyň açylmagy hem munuň şaýadydyr.
Häzirki wagtda bu kärhananyň ygtyýarynda türkmenistanlylaryň ählisi üçin elýeterli bolan häzirki zaman maglumatlar we telearagatnaşyk tehnologiýalary bardyr. Köp ugurly ykjam aragatnaşyk ulgamlary bu pudagyň ösüş depginlerini hil taýdan täze derejä çykardy. Ählumumy ykdysadyýetiň binýatlyk bölegini ösdürmekde telearagatnaşygyň orny uludyr. Türkmen jemgyýetiniň ösüşinde bu pudagyň ähmiýetiniň örän uly boljakdygy barada milletiň Lideri kärhananyň edara binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýratyn nygtady.
Biziň döwletimiz ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli çäreleri durmuşa geçirýär: telefon beketleriniň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekilýär, hemra aragatnaşyk ulgamy hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär. Guramalaryň, kärhanalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar. Internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar.
Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň öz milli kosmos aragatnaşyk ulgamy bolar. Bu bolsa Ýeriň töweregindäki älem giňişligine gözegçilik etmäge, hemra aragatnaşygyny ýola goýmaga, älem giňişligi bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge, şeýle hem ýurdumyzda Internet, telewideniýe we beýleki pudaklaryň aragatnaşyk ulgamlaryny ýokary depginlerde ösdürmäge kuwwatly itergi berip, umumymilli maksatnamalaryň tutuş toplumyny üstünlikli amala aşyrmaga şert döreder.
Ýurdumyzy ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde iň öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny maglumatlar tehnologiýalary bilen üpjün etmek boýunça hem-de innowasiýalar ösüş ýoluny we maglumatlar jemgyýetini saýlap alan ýurt hökmünde elektron hökümetini döretmekde milli taslamalaryň tutuş toplumy bilen sazlaşykly utgaşýar.