Türkmenistanyň hazarýaka zolagynda tebigy gurşawyň monitoringi boýunça jogapkärli wezipe ýurduň Tebigaty goramak ministrliginiň düzüm birligi bolan “Hazarekobarlag” Hazar ekologiýa gullugynyň üstüne ýüklenendir. Bu gullugyň işi Hazaryň türkmen böleginiň Gazagystanyň serhedinden tä Eýrana çenli iki kilometrlik kenar gorag zolagyny ol ýerlerdäki ýerleşýän şäherleri, şäherçeleri we beýleki ilatly nokatlary, senagat we durumş-medeni gurluşlary goşmak bilen çiňişlikde ýaýbaňlanýar. Ekologiýa taýdan arassa kenaryň nusgasy döredilýän “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy türkmen ekologlarynyň, şol sanda “Hazarekobarlag” Gullugynyň işgärleriniň hem, aýaratyn aladalary we agaýyp gazanan üstünlikleri bolup durýar.
Gullugyň gidrohimiýa barlaghanasynda ekologiüa ýagdaýa baha berýärler, Hazaryň gidrologiki düsgünini, onuň suwunyň düzümini öwrenýärler. Deňiz suwunyň barlagy ondaky hapalanmagyň ýigrimi parametr stasionar boýunça geçirilýär, esasy fiziki häsiýetleri boýunça – gönüden-göni saýlama nokadynda geçirilýär. Monitoringiň netijeleri Tärkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Ylmy-önümçilik merkeziniň maglumatlar bankyna girizilýär hem-de döwlet planlaşdyryş işlerinde we deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çňreleri Kabul etmekde ulanylýar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň fonowoý monitoring boýunça köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gözegçilik işleri kislorod we biogen düzgüniniň kada laýykdygyny görkezýär, nebit önümleriniň, nitratyň, fenollaryň, agyr demirleriň we deňiz suwunda beýleki hapalaýjy bölekleriň rugsat berilýän çäklerden ýokarda däldigini görkezdi.
Mikroskoplar, spektrometrler, gidrometrler, panomerler, gaz hromatograflary, radiasiýa dozimetrleri, atom-absorbsion spektrometrler we atom-absorbsion spektrometrler, şeýle hem beýleki gerek bolan analitik enjamlar barlaghananyň ygtyýaryndadyr.
Barlaghananyň işgärleri hünär bilimlerini yzygiderli artdyrýarlar, deňiz gurşawynyň hapalanmagyny we bentosyň ýagdaýyny – gury ýerde we deňiz düýbüniň çöküntgilerinde ýaşaýan hem-de deňiz biodürliliginiň azyk halkasynyň möhüm bölegi hem-de onuň ekologiki abadançylygynyň tebigy görkezijisi bolup durýan haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça halkara kwalifikasion maslahatlaryna, treninglerine we ekspedisiýasyna gatnaşýarlar,
Hazar deňziniň türkmen bölegini goramakda türkmen hünärmenleriniň kämil jogapkärçiliginiň derejesi hakynda BMG-niň ýolbaşçylygynda we Ýewropa Bileleşiginiň goldamagynda iri göwrümli “Сaspian Map” TAСIС sebitleýin taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň territorial suwlarynda 2008-nji ýylda geçirilen Halkara deňiz ekspedisiýasynyň jemleri hem aýdýar. Türkmen suwlarynda gözleg geçirilen sebitler “Hazarekobarlag” Gullugynyň işiniň ähli zolagyny öz içine aldy. Barlag stansiýalaryň 22-nde suwuň üstki gatlagynda, düýbünde we deňziň gözýetim aralygyndan alyndy. Dürli çuňluklardan alynan önümlerde esasy biogen maddalarynyň, nebit önümleriniň, fenollaryň we demirleriň bardygy barlanyldy. Suwuň kislorod bilen dykyzlygy, temperaturasy göni ýerinde ölçenildi. Saýlama barlaglaryň “Hazarekobarlag” Gullugynyň barlaghanasynda işlenilip taýýarlanan we ulanylýan usuly boýunça geçirilmegi bellenilmeli ýagdaýdyr. Manakodaky “MAGATE” garaşsyz Halkara deňiz ekologiýa barlaghanasynyň parallel geçiren gözlegleriniň jemi Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz suwunyň görkezijileri kesgitlenen rugsat berilýän çäklere gabat gelýändigi we Hazarda hili boýunça iň gowysy bolup durýandygyny görkezdi.
Hazaryň türkmen böleginde etalon arassalygynyň saklanylmagy global, sebitleýin we milli gurallary kenaryň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde we ekologiky hojalygy ýöretmek ýörelgelerinde deňiz serişdelerini dolandyrmakda hökümetiň giňişleýin we yzygiderli goldawy bolmadyk bolsa amala aşyryp bolmazdy. “Hazarekobarlag” Gullugy olary durmuşa geçirmage işeňňir ýardam bermek bilen, deňizde we gury ýerde gelejegi uly bolan ýataklarda gözleg işlerini we özleşdirmegi alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtly hebitgaz çykarýan toplumlary, gaýtadan işleýiş senagatynyň iri kärhanalary, ulag kärhanalary we kenarýaka zolagynyň ilatly nokatlarynyň kommunal gurluşlary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Planetanyň goralýan ekologiýa toplumynyň torunda Türkmenistanyň esasy ornitologiýa çäkleri ýaly ekologiýa syýaharçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan Hazar döwlet goraghanasynyň akwatoriýasynda dünýä ähmiýetli ajaýyp suw-batgalyk peýdaly ýerleri yzygiderli monitoringi öz içine alýar.
Ballast suwlarynyň zyňyndylaryna, senagat we durmuş akymlaryna berk gözegçilik gury ýerdäki kanallaryň ugurlarynda, kärhanalaryň konsentirlenen ýerlerinde, deňiz duralgalarynyň gurluşlarynda, ýerüsti we suwasty turba geçirijilerinde we beýleki kommunikasiýalarda oturdyldy. Gözegçilik stansiýalarynyň bölekleýin torlary adalary içki aýlaklaryň materik kenarlaryny öz içine alýar. Arassa suwa yzygiderli gözegçilik açyk deňziň şelfinde, gözleg, agtaryş we ulanyş burawlamak sebitlerinde, hereket edýän we ulanyşdan galan guýylarda alnyp barylýar. Deňiz stasionar platformalarynyň ählisinden akýan suwlar biologiki taýdan arassalaýşy geçýär we soňra deňze gaýtarylaýar. Deňiz suwunyň hiliniň barlagynyň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin nol zyňyndyly öňdebaryjy tehnologiýany işjeň durmuşa ornaşdyrýan hojalygy ýöretmegiň kenar edaralarynyň barlahanasynda geçirilen gözlegleriň sepleşýän netijeleri bilen “Hazarekobarlag” gullugynyň maglumatlary hökmany suratda ulanylýar.