Ï Bereketli desderhanyň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli desderhanyň baýramy

view-icon 1353
“Mizan” täjirçilik merkezinde “Türkmen milli tagamlary” ady bilen geçirilen jemleýji bäsleşik naz-nygmatlaryň hakyky festiwalyna öwrüldi. Oňa diňe bir bu ugurda işleýän hünärmenler däl, eýsem giň köpçülik gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ussat aşpezleriniň taýýarlan ajaýyp tagamlaryna syn etmek, olardan dadyp görmek mümkiçniligi döredi.

Aşpezleriň, konditerleriň we restoran hyzmatçylarynyň arasynda guralan bäsleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyry boýunça, ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi milli aşhanamyzyň gadymy däplerini giňden wagyz etmek, olary goramak we häzirki berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösdürmek maksady bilen gurady. Munuň özi halkymyzyň ahalteke bedewleri, zergärçilik we haly önümleri bilen bir hatarda durýan tagam taýýarlamagyň usullarynyň häzirki döwürde azyk tehnologiýalary, şeýle hem aşpezleriň ussatlygy arkaly ösdürilýändigini alamatlandyrdy.



Paýtagtymyzda geçirilen sergi bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtmyzyň jemgyýetçilik kärhanalarynyň, restoranlarynyň we myhmanhana ulgamynyň deslapky bäsleşikderde ýeňiş gazanan wekilleri gatnaşdylar. Olar milli aşhana ugurlary, süýji-köke önümlerini taýýarlamak hem-de restoran hyzmatlary boýunça bäsleşdiler. Çäräniň giň möçberliligini we duürli görnüşlerini, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň ussatlygyny nazara alanyňda emin agzalarynyň öňünde iň gowularyny saýlamak boýunça örän çylşyrymly wezipäniň durandygyna göz ýetirmek boýlar.

Örän geljikli edip bezelen desderhanlarda bar bolan nazy-nygmatlaryň bolçulygy, milli gap-gaçlaryň bezegi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär we milli tagamlaryň ýakymly yzy daş-töweregi gurşap alýar. Olara seredeniňde tagamlaryň özboluşly taýýarlanyş usullaryna haýran galýarsyň. Nazly-nygmatlary taýýarlan, heýkeltaraşlar mysaly süýji nygmatlaryň örän üýtgeşik görnüşlerini hödürleýärler. Milli tagamlaryň aýratynlygy, dogroma, çorba, gutap ýaly tagamlar şu günki bäsleşikde uly meşhurlyga eýe boldular. Gadymy wagtlardan bäri türkmen halkynda tagamly nygmat hem-de bejerijilik jhmiýeti bolan serişde hasaplanýan milli palaw baýramçylyk desderhanynyň bezegine öwrüldi.


Dünýäniň islendik medeniýetinde bolşy ýaly, türkmen halkynyň aşpezlik desdury biri-biri bilen baglanyşykly iki ýagdaýyň, ýagny ýurduň geografiki ýerleşişiniň we halkyň taryhynyň netijesidir. Türkmen milli aşhanasy köp müňýyllyklaryň dowamnyda kemala geldi. Şu döwürde ol köp sanly goňşyh alklaryň däplerini özünde jemledi we öz ýagşy ýörelgelerini, tejribelerini, aşpezlik käriniň inçi usullaryny goňşy halklaryň bilen paýlaşdy. Ýöne, häzirki döwür türkmen aşhanasy öüniň köp asyrly dplerine wepaly bolmak bilen, gadymy döwürde dörän dessurlaryny häzirki eýýamda täze döwre kybap äheňde ösdürýär. Türkmen tebigaty halkymyza her bir ösümlige gadyr goýmagy öwredi. Dagda ýa-da çölde bitýän ösümlikleriň her biri özüniň gaýtalanmajak tagamy bilen köp sanly tagamlarymyza özboluşlylyk çaýýar.

Türkmen toýlaryna we baýramlaryna mahsus bolan tagamlar we nahar taýýarlamagyň gadymy usullary, şeýle hem halkymyzyň tagam taýýarlamakdaky djpleri bilen täze usullaryň sazlaşygy bu günki sergi bäsleşiginde öz beýanyny tapdy. Gadymy usullar esasynda taýýarlanan etli nygmatlar sergide esasy orun eýeledi.

Balyk önümlerinden taýýarlanan tagamlar hem sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Süýji nygmatlardan taýýarlanan önümler hem bäsleşige gatnaşyjylary biparh goýmady. Olar üýtgeşik şekilde köp görnüşli hem-de özüne çpekiji şekilde taýýarlanypdyr. Umuman aýdanyňda bu sergi bäsleşigi türkmen desderhananyň ähli sahylygyny, köp görnüşini we bolçulugyny janlandyrdy.


Mälim bolşy ýaly, türkmen aşhanasynda islendik adamyny biparh goýmaýan ýüzlerçe ajaýyp tagamlar bar. Şol bir wagtyň özünde olar döwrüň synagyndan geçen we oýlanyşykly azyk ulgamydyr. Munuň özi tagam taýýarlamagyň tehnologik usullaryny özünde jemleýän ajaýyp ensiklopediýadyr. Türkmen halkynda et taýýarlamak we ony gaplamak boýunça özboluşly usullar goňşy halklarda gabat gelmeýär we ol ýöriteleşdirilen tebigy mümkinçilikler bilen şertlendirilendir. Howanyň gurak bolmagy, epgekli ýelleriň öwüsmegi we çägäniň gyzmagy ýaly ýagdaýlar şunuň ýaly ýörite usulyň emele gelmegine sebaäp bolupdyr. Güneşli howa gök we bakja önümleriniň tagamly hem-de jana ýaramly bolmagynda esasy orny eýeleýär.

Şeýlelikde, sergi bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler. Milli tagamlary taýýarlamak boýunça aşpezleriň arasynda geçirilen bäsleşikde “Mizan” täjirçilik merkeziniň aşpezi B.Hojageldiýew birinji orna mynasyp boldy. Aşgabadyň jemgyýetçilik iýmiti döwlet kärhanasynyň “Hazyna” restoranynyň aşpezi J.Nuryýewa ikinji orny, Lebap welaýat alyjylar birleşiginiň aşpezi A.Baýmyradowa bolsa üçünji orny eýeledi.


Süýji tagamlary taýýarlamak boýunça geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň işgäri H.Nasyrowa birinji orny eýeledi. Daşoguz döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň işgäri L.Adylowa ikinji ýere, Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň konditeri A.Öwezowa bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.

Restoran hyzmatlary bäsleşigi boýunça geçirilen ýaryşda Aşgabat şäheriniň “Kümüş aý” döwlet kärhanasynyň restoranynyň hyzmatçysy S.Şükürow birinji orny eýeledi. “Mizan” täjirçilik merkeziniň işgäri E.Durdyýew ikinji, Daşoguz döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň işgäri S.Mämiýew bolsa üçünji ýerlere mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Milli tagamlary taýýarlamak boýunça guralan bäsleşik türkmen aşhanasynyň asylly däpleriniň barha rowaç alýandygyny alamatlandyrdy. Çünki tagam türkmen üçin diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol medeni gatnaşyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerleriň esasyny düzýän ýörelgedir.


Şu gün bereketli türkmen saçagynyň başyna maşgalalar, dostlar, goňşular ýygnanyşyp, göwnejaý dynç alşyň hözürini gördüler we söýgüli tagamlaryndan datdylar.

Desderhan, munuň özi abadançylygyň, parahatçylygyň we dostlugyň aýrylmaz nyşanydyr.