Medeni mirasy gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasyna badalga berildi
Şu gün “Gadymy Merw “ döwlet taryhy-medeni goraghanasynda Ýurtda iri arheologiki meýdançanyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy binagärlik desgalary bolan Uly Gyz-gala we Kiçi Gyz-gala ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça halkara taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Taslamany dört ýylyň dowamynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ol ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiler gaznasy” Halkara maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylar. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň degişli taslamasy bäsleşikde ýeňiji boldy. Bäsleşige şeýle hem Wýetnamyň, Gaitiniň, Hindistanyň, Indoniziýanyň, Iordaniýanyň, Laosuň, Liwanyň, Liwiýanyň, Mawritaniýanyň, Meksikanyň, Paragwaýyň, Tanzaniýanyň, Ukrainanyň, Şri-Lankanyň we Ekwadoryň degişli döwlet gulluklary gatnaşdylar.
Taslama birinji tapgyrda iki desgalar boýunça arhiw we taslama resminamalaryny ýygnamagy hem-de olary düzgünleşdirmegi, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň kömegi bilen olary jikme-jik hasaba almagy hem-de desgalary ýapmak we olary dikeltmek işlerini amala aşyrmak üçin taslama-smeta resminamalaryny taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Ikinji tapgyr bolsa ýadygärlikleriň içki we onuň töweregindäki palçykdan galdyrylan diwarlaryň tozan basan ýerlerini arassalamakdan ybaratdyr. Bu iş düzümi has doly öwrenmäge, anyk senäni bermäge we desgalaryň mundan beýläk-de göwnejaý goralmagyna mümkinçilik berer. Taslamanyň ahyrky, üçünji tapgyry iki ýadygärligi goramakdan we berkitmekden ybarat bolar. Onda desgalaryň ugry boýunça binýatlary berkidiler, daşky diwarlaryň zaýalanan ýerlerini dikeldiler. Şeýle hem bu künjek boýunça syýahatçylyk düzümi kämilleşdiriler. Öňi bilen bolsa jahankeşdeleriň soňky ýyllarda barha köp gelmegi bilen könelişen diwarlaryň berkligine ýaramaz täsir edýän ýagdaýlaryň peselmegi ugrunda ýörite işler geçiriler.
Äpet uly palçyk diwarlary bolan desgalar orta asyrlar türkmen binagärliginiň tapawutly aýratynlygydyr. Olaryň ylmy ölçeglere we UNESKO-nyň medeni we tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça Konwensiýasynda beýan edilen ýadygärlikleri dikeltmegiň halkara kadalaryna laýyklykda goraglylygy üpjün ediler. Uly we Kiçi Gyz-galalaryň anyk gurlan wagty entek doly takyk däl. Ýöne hünärmenler ony VI-ХII asyrlar aralygy diýip belleýärler. Galalar Beýik seljuklaryň goşunlaryny, dünýäni boýun egdirmek üçin ata çykan Togrul begden başlap, Soltan Sanjara çenli bolan şalary gören galalardyr. Mongol basybalyjylarynyň çozuşlarynda Merw dolulygyna weýran bolandan soň bu binalar abat galdylar. Şondan bäri hem gadymy şalyklaryň Beýik Ýüpek ýoly bile gadam urýan söwda kerwenleriniň sessiz şaýatlary boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralyp saklanmagy, dikeldilmegi we olaryň wagyz edilmegi boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Mejlisiniň kabul eden Türkmenistanyň “Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny gorap saklamak hakyndaky” täze Kanuna gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Medeniýet hakynda” Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanan hem-de aýratyn goragly çäkleriň saklanmagyny guramagyň tertibini kesgitleýän “Taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we çeper ýadygärlikleriň, tebigy desgalaryň zolaklarynda goraglylygy üpjün etmegiň tertibini” tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp onuň desgalary, şeýle hem çäkde arheologik, binagärlik ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşan gününden bäri bir ýyl geçdi. Şonda döwdet Baştutanymyz Uly Gyz-galanyň ýagdaýy bilen jikme-jik tanşyp, bu ýadygärligi dikeltmek maksady bilen düzümiň çuňňur öwrenilmegini teklip etdi. Döwdet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň hünärmenleri Uly Gyz-galany we Kiçi Gyz-galany öwrenmek hem-de dikeltmek boýunça toplumlaýyn taslamany işläp taýýarlady.
Ozal habar berlişi ýaly, Uly Gyz-galada şu ýyl başlanan barlaglaryň barşynda türkmen arheologlary ilkinji gyzykly açyşlary ýüze çykardylar. Täze maglumatlar goraghananyň şu we beýleki täsin desgalarynyň mundan beýläk-de çuňňur öwrenilmegine itergi berdi. Taslama boýunça işler 2015-nji ýylyň ýaz aýlarynda ýaýbaňlandyrylar. Şondan soňra bu ýadygärlikleriň ikisi-de diňe bir dikeldilmän, eýsem ol geljek nesiller üçin ygtybarly goraga mynasyp bolar.
Uly Gyz-galanyň ýanynda geçirilen dabara ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson we ilçihananyň işgärleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Mary welaýat häkimliginiň wekilleri, alymlar we žurnalistler gatnaşdylar.