Ï Howanyň üýtgemegi ylmy-populýar kitapçanyň sahypalarynda beýan edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howanyň üýtgemegi ylmy-populýar kitapçanyň sahypalarynda beýan edilýär

view-icon 1248
Türkmen döwlet arhitektura we binagärlik institutynyň dosenti Ahmet Penjiýewiň „Lambert“ (Germaniýa) neşirýaty tarayndan çap edilen ylmy işi „Howanyň üýtgemegi we antropogen güýçleri azaltmagyň mümkinçilikleri“ diýlip atlandyrylýar.

Surat bilen bezlen bu neşir gözlegleri, statistiki hasaplamalary öz içine alýar hem-de türkmen alymlarynyň tebigy serişdeleri dolandyrmakda dürli görnüşli gözleglerini we howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ölçeglerinde ekologiýa meselelerini çözmekligi beýan edýär.


Kitapçanyň bäş babynda dünýä energetikasyny ösdürmegiň meselelerine, planetanyň ýangyç-energetika toplumynyň daşky gurşawa edýän edýän täsiriniň esasy sebäplerine, howanyň üýtgemeginiň netijeleriniň çaklamasyna, Orta Aziýanyň energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiligine garalýar, ýangyjyň gazylyp alynýanlaryny gaýtadan işlemekden „gök“ tehnologiýa önümçiligine ornaşdyrmaga geçmeklik jikme-jik beýan edilýär. Kitapçanyň jemleýji baplarynda Türkmenistanda bu işleriň maglumatlarynyň kanuny taýdan üpjünçiligine syn berilýär, bu ugry durnukly ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazary beýan edilýär, şeýle hem tebigata antropogen güýçleriň täsir etmegini azaltmak boýunça taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak teklip edilýär.

Awtoryň pikirine gör-ä, bu neşiriň materialllary gönüden-göni Türkmenistanda geçirilýän klimatologiýa boýunça işler hakynda habar berýän gollanma hökmünde planetanyň hem orta aziýa, hem beýleki sebitleriniň ekologlaryna we klimatologlaryna peýdaly bolup biler. Şeýle hem bu neşir gaýtadan dikeldilýän energiýanyň meselelri bilen meşgullanýan ylmy işgärlerinde, inženerlerinde we tehniklerinde uly gyzyklanma döreder. Umuman, bu kitapça mugallymlaryň giň köpçüligine, daşky gurşawy goramak meselelerine biparh garamaýanlar üçin niýetlenendir.