Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň döwlet Baştutanymyz tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabryndaky mejlisinde kabul edilen “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahaty boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan tohum atlaryň gadymy görnüşlerini gorap saklamak we gözelligini, syn-sypatyny kämilleşdirmek, olaryň owadan, gaýtalanmajak tebigy görküni şekillendiriş sungatynyň eserlerinde beýan etmek, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda ahalteke atlaryň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellendi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda atçylygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem ähli welaýatlarda häzirki zaman, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi şol syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Behişdi bedewlere örän belet we ýokary baha berýän, ajaýyp çapyksuwar milli Liderimiz atçylyk sportuny we at çapmagyň milli sungatyny ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge uly üns berýär. Munuň özi sungat ussatlary we žurnalistler üçin möhüm wezipe bolup durýar.
Şu günki maslahata gatnaşyjylar medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk meýilnamany belläp, özboluşly ahalteke bedewlerini bütin dünýäde mundan beýläk-de wagyz etmek, behişdi bedewleriň dünýä derejesindäki şöhradyny artdyrmak işinde öz ähli güýçlerini, tejribesini hem-de ussatlygyny sarp etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.