Ï ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

view-icon 1077
Şu gün Aşgabatda ABŞ-nyň Türkmenistandaky medeniýet günleri badalga aldy. Bu medeni çäräni ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde geçirýärler. Oňa amerikan alymlary, sazandalary, suratkeşleri, zergärleri we aşpezlik sungatynyň ussatlary gatnaşýarlar. Olar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşmak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirmek üçin biziň ýurdumyza geldiler.

Türkmen paýtagtynda we Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler konsertlerden, kinofilmleri görkezmekden, ýörite tälim beriş sapaklaryndan, döredijilik duşuşyklaryndan hem-de simpoziumlardan ybarat bolar. Olara iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar. Maksatnamanyň çäklerinde amerikaly myhmanlar üçin ýörite medeni çäreler göz öňünde tutuldy. Bu bolsa olara diňe bir türkmen halkynyň baý medeni mirasy, özboluşly ajaýyp däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem, biziň ýurdumyzyň soňky döwürde ynsanperwer ulgamda gazanan ýokary sepgitleri bilen hem jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berer. Muňa taryhy gymmatlyklar saklanylýan ýurdumyzyň döwlet muzeýleriniň birnäçesine barlyp görülmegi ýardam berer. Şol muzeýlerde ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk we beýleki döredijilik ugurlarynyň ussatlarynyň işleri giňden görkezilýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy-- döredijilik duşuşyklary we okuw maslahatlary, şol sanda amerikaly myhmanlaryň—suratkeş zenan Diana Stetsonyň we zergär Stiw Laransyň gatnaşmagy bilen açyldy. Bu çäreler paýtagtymyzdaky döredijilik ugurly okuw mekdeplerinde guraldy.

Ençeme abraýly baýraklaryň we sylaglaryň eýesi bolan Diana Stetsonyň

işleri ABŞ-nyň belli muzeýlerinde we dünýäniň dürli ýurtlarynyň abraýly halkara sergileriniň köpüsinde görkezilýär . Öz çeper döredijiligi bilen halkara ykrarnamasyna eýe bolan Stiw Larans hem özüniň gaýtalanmajak zergärçilik eserleri bilen köp sanly baýraklara mynasyp boldy. Ol öz işlerini adatça ýörite enjamyň kömegi arkaly wulkanlaryň “tufa” görnüşine degişli daşlardan ýasaýar.

Medeni çäräniň birinji gününiň esasy wakasy-Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň olara iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, bu medeni çäre Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň has-da putalandyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.

Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň tejribe alyşmagy, medeni-gumanitar ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygynyň baýlaşdyrylmagy we ösdürilmegi üçin amatly şertleri döreder diýip bellemek bilen, milli Liderimiz sungatda, hususan-da, milli medeniýetiň ösüş aýratynlyklarynda milli ruhy kämilliginiň, onuň özboluşlylygynyň, halkyň ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetindäki özgertmeler bilen berk baglanyşykly ýeten derejesiniň

öz beýanyny tapýandygyny nygtaýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany şunuň ýaly duşuşyklaryň geljek üçin giň mümkinçilikler we doganlyk halklaryň medeni taýdan özara baýlaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýändigini belläp, bu çärä gatnaşyjylara uly döredijilik ylhamyny we üstünlikler arzuw etdi.

ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmaklaryna mynasyp bolan bu döredijilik çykyşlary ajaýyp sazyň, aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdymlaryň durmuşa has gözel, şatlykly, ajaýyp öwüşgin berýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Ertir, 24-nji noýabrda medeni çäräniň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde we Baş milli muzeýinde çeper sergiler guralar, döredijilik okuw maslahatlary geçiriler, “Aşgabat” kinoteatrynda bolsa Amerikanyň çeper filmleri görkeziler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň paýtagtymyzda geçiriljek çäreleri “Watan” kinokonsert merkezinde meşhur jaz eserlerini ýerine ýetirýän Ari Rolandyň saz toparynyň çykyşy bilen tamamlanar. Bu topar soňky üç ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dürli maksatnamalarynyň 26-synda “Amerikan sazynyň ilçileri” hökmünde çykyş etdi. Biziň ýurdumyzyň dürli şäherlerinde birnäçe gezek konsertler bilen çykyş eden bu topar türkmen diňleýjilerine hem tanyşdyr.

Şol gün hem amerikan baş aşpezi Jim Lahi öz gelejekki türkmen kärdeşleri—okuwçylar, şeýle hem aşpezleri taýýarlaýan Aşgabadyň ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin görkezme-tälim beriş görnüşindäki tanyşdyrylyşy geçirer. Jim Lahi pisseriýalary—restoranlary bilen Amerikada meşhur bolan “Salliwan köçesindäki çörekhanalar” ulgamynyň eýesidir. Ol özüniň ýokary hilli önümleri—ýörite özboluşly tärler bilen hamyry garmazdan taýýarlanylýan pissalary we beýleki önümleri bilen diňe bir amerikalylaryň däl, eýsem, ýurduň köp sanly myhmanlarynyň arasynda hem meşhurlyga eýedir.

Şol gün şeýle hem ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň çäreleri Türkmenabat we Mary şäherlerinde dowam eder. Ol ýerlerde degişlilikde Della Meýiň we Klinton Kurtisyň saz toparlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşyklary, okuw maslahatlary we konsertler geçiriler.

Massaçusets ştatynyň Boston şäherinden bolan “Dela Meý” topary 2009-njy ýylda döredildi. Onuň döredilen döwründe ABŞ-da “blugrass” ugry boýunça çykyş edýän zenanlar topary ýokdy. Muňa garamazdan, bu topar dessine milli derejedäki meşhurlyga eýe boldy. Ondan bir ýyl öň döredilen “Klinton Kurtis” (Nýu-Ýork ştaty, Nýu-Ýork şäheri) saz topary gospel, blýuz, soul, jaz, folklor ýaly saz heňlerini ýerine ýetirýär. Ol Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän konsertlere yzygiderli gatnaşýar. Şu ýyl toparyň sazandalary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Amerikan sazy daşary ýurtlarda” atly maksatnamasynda dünýäniň dürli ýurtlarynda tanyşdyrylyş çäreleri bilen çykyş etmäge çagyryldy.

Medeni çäräniň jemleýji güni, 25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinomerkezinde ilkinji reňkli filmleriň biri bolan, Margaret Mitçelliň romany boýunça surata düşürilen “Ýelleriň uçuranlary” atly meşhur çeper filmiň görkezilişi bolar. Bu film “Oskar” baýraklarynyň hem ençemesine mynasyp bolupdy.

ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda görkeziljek kinofilmleriň arasynda Jeýms Mengoldyň ady rowaýata öwrülen kantri usuly boýunça aýdymlary ýerine ýetiriji Jonni Keş hakyndaky “Çenden aşmak” atly çeper-terjimehal filmi hem bar. Ol “Iň oňat film (mýuzikl ýa-da komediýa)” görnüşi boýunça “Altyn globus” baýragyna üç gezek mynasyp boldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzyň tomaşaçylary maşgala sportuna bagyşlanan “Beýsbol meýdançasy” atly film bilen hem tanşyp bilerler.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde we Türkmen milli konserwatoriýasynda ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Waşington şäheriniň Smitson milli muzeýler toplumynyň wekilleri bilen duşuşyklar we döredijilik okuw maslahatlary geçirildi.

Bu iri möçberli medeni çäräniň çäklerinde dürli döredijilik çäreleriniň 30-syny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda geçiriljek amerikan we türkmen medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly “Dostluk konserti” medeni çäreleriň ajaýyp jemlenmesine öwrüler.