Ï Gowaça meýdanlaryna – täze görnüşler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaça meýdanlaryna – täze görnüşler

view-icon 2484
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri innowasion agrotehnikasyny işläp taýýarlaýarlar we ornaşdyrýarlar, täze ýokary önümli sortlary ösdürilip ýetişdirilýärler. Ylmy-barlag institutynyň işgärleri gowaçanyň saýlama tohumlarynyň önümçiliginden başga hem gollanma ýolbaşçylygyny amala aşyrýarlar we ýurduň ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň 37-ine praktiki kömek berýärler.

Özgertmeleriň, täze ykdysady gatnaşyklaryň ornaşdyrylmagy, „Daýhan birleşikleri hakynda“, „Tohumçylyk hakynda“ kanunlaryň kabul edilmegi bilen täze we etraplaşdyrma sortlarynyň häsiýetlerine talaplar artdy. Gowaçanyň tohumynyň hiliniň gowlanmagy kärendeçilere gektara ekilýän gowaçanyň artykmaç ekilmegine ýol berilmezligine, gyradeň, doly bahaly gögeriş almaga şertleri döretdi. Bu bolsa pudagyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Etraplaşdyrylan sortlara we her ekin meýdanynyň ýagdaýyna ýaramly sortlaryň ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyna berilýän ünsi güýçlendirmeli diýip, Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Şamyrat Akmyradow belleýär.

Türkmenistanda çalt ýetişýändigi, hasyllylygy we süýmüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan gowaça sortlarynyň 13 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen „Ýolöten-7“, „Ýolöten-19“, „Daşoguz-120“, „Daşoguz-114“ ýaly gowaçanyň orta süýümli sortlaryny we „9871-I“, „Ýolöten-14“, „Ýolöten-32“ ýaly gowaçanyň inçe süýümli sortlaryny pagtaçylar her bir sebitiň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, ýurduň ekin meýdanlaryna ekýärler.

Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri şu ýyl pagtaçylara gowaçanyň ýene-de bir sortyny - çalt ýetişýän, öndümli, kesellere garşy durnukly, ýokary hasylly we ýokary süýümli „Ýolöten-7“ görnüşini teklip etdiler. Tohumlar institutyň ekin meýdanlarynda köpeldilýär. Alymlar Daşoguzly pagtaçylara eýýäm döwlet sort synagyndan we welaýatyň ekin meýdanlarynda önümçilik synagyndan geçýän gowaçanyň täze „Gubadag-7“ görnüşini teklip etmegi maksat edinýärler. Şeýle hem ýurduň döwlet sort synag meýdançalarynda gowaçanyň orta süýmli sortlary bolan „Ýolöten-45“, „Ýolöten-46“, „Ýolöten-47“, „Gubadag-4“, „Ahal-2“ görnüşleri we gowaçanyň inçe süýümli „Gäwers-1“ sorty synagdan geçirilýär.

Şu ýyl ýurtda 1 million 150 müň tonna pagta ýygnaldy. Daýhanlaryň gazanan bu ajaýyp üstünliklerinde alymlaryň hem mynasyp goşantlary bardyr.