Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 750
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde we obalarynda diňe şu ýylyň başyndan bäri häzirki zaman desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Ýakynda Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Pagtaçy obasynda tarp ýerli oba şäherçesiniň binagärlik keşbine bezeg berýän häzirki zaman medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy.

Täze medeniýet ojagyny ulanmaga bermek dabarasy, asylly däbe görä, ajaýyp öwüşginli baýramçylyga öwrüldi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňünde bu obanyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar—welaýt we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Şanly waka mynasybetli etrabyň döredijilik toparlary gyzykly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Olaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, alysda ýerleşýän obada şeýle ajaýyp medeniýet öýüniň bina edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen topragynda ähli obalaryň we şäherçeleriň durmuş ulgamyny okgunly depginde ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlanlyrmak barada edýän ýadawsyz aladasynyň ajaýyp miwesidir. Munuň üçin oba ýaşaýjylary milletiň Liderine tüýs ýürek çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Iki gatly täze medeniýet öýüniň binasy ýygnananlaryň öňünde gapylaryny giňden açdy. Ol medeni maksatly desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. Bu obada geçirilýän medeni çäreler mundan beýläk 200 tomaşaça niýetlenen ajaýyp konsert zalynda guralar. Iň täze tehnologiýa abzallary bilen enjamlaşdyrylan sahna we yşyklandyrmagyň häzirki zaman ulgamy dürli çäreleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki zaman şähergurluşyk we milli binagärlik ýörelgeleriniň ähli kadalary berjaý edilip gurlan bu binada tansçylaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň taýýarlanmagy üçin ýörite otaglar, kitaphana, oba muzeýi, ses ýazgy otagy we beýlekiler ýerleşdirildi.

Dabaraly açylyşdan soň täze medeniýet merkezinde ilkinji baýramçylyk konserti boldy.

Medeniýet öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we göwnejaý yşyklandyrylypdyr. Bu desga “Kämil ýol” hususy gurluşyk kärhanasynyň işgärleri tarapyndan bina edildi. Has tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda oba medeniýet öýleriniň 3-siniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Seýdi şäheriniň Ispas, Gabakly we Döwletli etrabynyň Hojahaýran obalarynda gurulýan desgalar tiz wagtda ulanmaga berler.

Welaýatyň medeniýet edaralarynyň düzümini ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda häzirki zaman medeniýet merkezleriniň we öýleriniň onlarçasyny gurmak göz öňünde tutulýar.