Ï Halkara maslahatynyň gün tertibinde golýazmalar gaznasyny gorap saklamak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara maslahatynyň gün tertibinde golýazmalar gaznasyny gorap saklamak

view-icon 1132
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda öz işine başlan iki günlik halkara ylmy maslahatynyň gün tertibine “Orta Aziýa kitaphanalarynda saklanylýan seýrek golýazmalary saklamagyň meseleleri” girizildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan we geçirilýän bu maslahata gatnaşmak üçin Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, şeýle hem halkara guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Türki medeniýeti boýunça halkara gurama bolan “TÜRKSOÝ”-yň wekilleri ýygnandylar.

Myhmansöýer türkmen topragynda dürli ýurtlardan bolan alymlaryň gyzyklanmak bilen pikir alyşmalar ýagdaýynda geçýän şunuň ýaly duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy we Türkmenistanyň häzirki wagtdaky halkara durmuşynyň ruhy derejesini kesgitleýän şerte öwrüldi. Milli taryhyň we medeniýetiň müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen özboluşly gaznasy halklaryň medeni taýdan özara baýlaşmagyna, ýakynlaşmagyna we düşünişmegine ýardam berýär hem-de dürli ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan taryhda medeniýetleriň özara täsirini ýygjamlaşdyrmakda, ylmy pikiriň ösüşinde, ruhy baýlygyň özara alyşmalarynda möhüm orun eýelän ýurt, häzirki wagtda dünýäde halklary biri-biri bilen baglanyşdyrýan we ýakynlaşdyrýan döwlet hökmünde dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan gadymy siwilizasiýalaryň merkezi hökmünde meşhur alymlaryň, taryhy öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär.

Maslahatyň açylyşynda türkmen alymlary we daşary ýurtly myhmanlar çykyş edip, türki halklaryň medeni mirasyny öwrenmekde, maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda bilelikde hereket etmegiň möhüm meselelerini öňe sürdüler. Häzirki Aşgabadyň öz gerimi we mazmuny boýunça haýran galdyrýan muzeýleri, kitaphanalary hem-de medeni merkezleri bilen täze taryhy döwürde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ruhy galkynyş we türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berýändigi, türkmen medeniýetiniň gülläp ösüşiniň ajaýyp subutnamasyna öwrülendigi aýratyn bellenildi. Çykyşlarda şeýle hem golýazmalar gaznasyny dikeltmäge degişli geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri, seýrek kitaplar, golýazmalar we arhiw materiallary terjime edilende häzirki haman maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylyşy baradaky habarlar beýan edildi.

Taryhy-medeni giňişlik jemgyýetiň häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegi, onuň ösüşiniň binýady, geçmişiň gelejek bilen üznüksiz arabaglanşygynyň esasy bolmak bilen halkyň durmuşyny gurşap alýan çeşmedir. Şu nukdaýnazardan medeni golýazmalar mirasyny öwrenmek, ylmy gözlegler we gündelik tejribe işi, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de maddy däl taryhy ýadygärlikleri seljermek we dikeltmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglanyşykly iş alyp barýan hünärmenleriň ählisiniň tutanýerli zähmetleri barada durlup geçildi.

Bu duşuşygyň netijeliligini we ähmiýetini nygtap, oňa gatnaşyjylar oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillerini beýan etdiler we bu ugur boýunça bilelikdäki duşuşyklary hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Ertir halkara ylmy maslahatynyň giň medeni maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar UNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasyna baryp görerler, Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň eksponatlary-türkmenleriň örän gadymy medeniýetiniň, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine eden täsiriniň bahasyna ýetip bolmajak subutnamalary bolan gymmatlyklar bilen tanşarlar. Aşgabat we onuň töwerekleri boýunça guraljak gezelençler bolsa myhmanlara günsaýan ajaýyp keşbe eýe bolýan türkmen paýtagtynyň täze binalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.