Ï Ýekşenbede sapak geçilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýekşenbede sapak geçilýär

view-icon 1387
Aşgabatda 10 ýyl gowrak wagt bäri Ukrainanyň ilçihanasynyň ýanynda ýekşenbe mekdebi işleýär. Çagalar ukrainça gürlemegi, bu yurt barada, onuň taryhy, medeniýeti we halk däp-dessury barada köpräk bilmek üçin her ýekşenbe güni ir bilen bu ýere gelýärler. Ukrain dilini öwrenmek ýyl saýyn barha meşhurlyga eýe bolýar. Muňa, eger-de 2001-nji ýylda, mekdep ýaňy açylanda, oňa gatnaýan çaganyň sany 25-e hem ýetmeýärdi, häzir bolsa oňa 100 töweregi çaganyň gatnaýandygy subut edýär. Hat-da ukrain dilini öwrenmek üçin Abadan, Tejen, Balkanabat, Türkmenabat ýaly beýleki şäherlerden hem bu ýere gatnaýarlar.


Sapaklary geçmek üçin oňaýly bolar ýaly ýaşyna görä okuwcylar alty topara bölünýär, mugallymlar bolsa ýaş toparlaryna laýyklykda gyzyklandyrýan meýilnama boýunça sapak geçýärler. Has gyzyklanýan çagalar üçin ýekşenbe mekdebinde islendik ugur we ýaş boýunça ukrain dilindeäki çeper edbiýaty tapyp bolýan kitaphana işleýär. Ukrain ýekşenbe mekdebine Ukrainanyň Prezidenti aýratyn üns berýär. Onuň tabşyrygy boýunça şu ýyl bekdebiň kitaphanasynyň üsti täze çagalar neşiriniň birnäçe ýüzlerçe kitaby ýetirildi.

Ýekşenbe mekdebiniň okuwçylary okuwlaryndan daşary Ýeňiş güni – 9-njy maýda uruş weteranlarynyň öňünde konsert bilen çykyş edýärler, täze ýylda bolsa täze ýyla bagyşlanyp geçirilýän şatlyk-şagalaňda ýörite geýim bilen şatlanýarlar. Çagalar ukrain halky üçin belli senelerde dostlukly ýurduň ilçihanasynyň wekilleri bilen beýik ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýmak bilen, dabaraly çärelere gatnaşýarlar.


Häzirki wagtda Türkmenistan Ukraina bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sany ýylsaýyn artýar. 2011-2012-nji okuw ýylynda bu ýerde okaýan Türkmenistandan baran talyplaryň sany 6,5 müňden gowrak bolan bolsa, şu okuw ýylynda bu san 8 müň töweregi boldy. Türkmenistandan baran talyplaryň arasynda ýekşenbe mekdebiniň uçurymlarynyň hem köp sanlysy bar.

Ukrainanyň Kiýew şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Ukrainanyň tomaşaçylarynyň öňünde Türkmenistanyň iň meşhur döredijilik toparlary çykyş edýärler. Ukrain ýekşenbe mekdebinde bolsa türkmen-ukrain dostlugyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we berkitmäge bagyşlanan tema boýunça sapaklar geçiriler.