Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary

view-icon 1865
Serhetabat etrabynyň “Daşköpri” geňeşliginiň Daşköpri obasynda durmuş ähmiýetli täze desganyň-624 orunlyk orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

Çagalar üçin öz gapylaryny giňden açan iki gatly göwnejaý enjamlaşdyrylan häzirki zaman mekdep binasy gün-günden özgerýän bu obanyň keşbine bezeg berdi. Onuň dabaraly açylyşy ýatda galyjy ajaýyp waka öwrüldi. Ir säher bilen täze binanyň öňündäki meýdançada ýokary ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Mekdep okuwçylary we döredijilik toparlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazlar, goşgular bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda etrap we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de obanyň köp sanly ýaşaýjylary bar.

Täze mekdepde okuwçylaryň hemmetaraplaýyn düýpli bilim almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Okuw otaglary häzirki zaman interaktiw tagtalary we multimediýa ulgamlary bilen doly enjamlaşdyrylypdyr. Kompýuter we lingafon otaglary okuwçylaryň ygtyýarynda bolar. Mundan başga-da bu ýerde fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça tejribe sapaklaryny geçmek üçin barlaghanalar hem gurnalypdyr. Zähmet sapagy üçin ýörite abzallaşdyrylan ussahanalar bar. Mekdep binasynda ýerleşýän, zerur bolan abzallar bilen göwnejaý enjamlaşdyrylan sport zaly okuwçy ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ösmegi üçin oňat binýat bolup hyzmat eder. Mekdebiň ýanaşyk çäklerinde woleýbol, basketbol, futbol oýnamak üçin açyk meýdançalar, ylgaw ýodajyklary göz öňünde tutulypdyr.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş nesli üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar häzirki zaman täze mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugruna gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydygyny aýratyn bellediler. Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.