Ï Türkmenistan-Ermenistan: hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Ermenistan: hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda

view-icon 5052
Türkmenistany we Ermenistany däbe öwrülen dostlukly argatnaşyklaryň ýokary derejesi, häzirki wagtda düýbünden täze mazmuna eýe bolýan köp asyrlyk taryhy birleşdirýär. Iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarda, ýangyç-energetika pudaklarynda we himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşykda, oba hojalygynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleri bardyr.

Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy 1992-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda degişli deklorasiýa gol çekmek bilen, öz aralarynda diplomatiki gatnaşyklary 20 ýyl mundan ozal ýola goýdular. Döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda bu ýurtlarda ilçihanalaryň işläp başlamaklary biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara ynamyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy döwletara, hökümetara we edaraara derejesinde şertnamalýyn-hukuk binýady mäkäm döretdiler.

Biziň döwletlerimiziň birnäçe abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Ermenistan Respublikasy parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldap gelýär. Ermenistan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň hatarynda goldady we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde degişli rezolýusiýa bilen awtordaş hökmünde çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň „Energiýa geçirijileri ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek we durnukly ösüşde we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň tutuýan orny“ Rezolýusiýasynyň awtordaşy hökmünde Ermenistanyň işjeň goldamagy hem bu esasy ugur boýunça biziň döwletlerimiziň eýeleýän ornunyň meňzeşdigini beýan edýär. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny goldady.

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan oňyn syýasy gepleşikler we diplomatiýa işiniň netijeli ugurlary söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat eder. Muňa söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara iş toparynyň çäklerinde taraplaryň bilelikde alyp barýan işleri hem köp babatda şert döreder.

Häzirki wagtda türmen-ermeni gatnaşyklary oňym ösüşler bilen häsiýetlendirilýär. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde energetika ulgamy, ulag we kommunikasiýa, bilim we ylym ýaly esasy ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça degerli çäreler geçirilýär. Medeni-gumanitar ulgamda özara alnyp barylýan işler has möhüm ugur hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan remi sapary iki ýurduň arasynda ýola goýlan döwletara syýasy gepleşiklerde, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar argatnaşyklarda täze many-mazmuny üpjün eder.