Ï Sahnada saz eserleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada saz eserleri

view-icon 746
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde ýurduň Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baýramçylyk konserti geçirildi.

Orkestre Türkmen milli konserwatoriýasynyň dördünji ýyl talyby Rasul Klyçew dirijýorlyk etdi. Bu baýramçylyk agşamynda N.Halmämmedowyň, W.Ahmedowyň, W.Muhatowyň, D.Hydyrowyň, E.Grigaň, A.Dworžakyň, D.Werdiniň, K.Weberanyň, D.Puççiniň we beýleki meşhur kompozitorlaryň sazlary ýaňlandy. Konserte ykrar edilen ussatlar we ýaş, zehinli sazandarlar gatnaşdylar.