Ï Türkmen jigitleriniň täze üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen jigitleriniň täze üstünlikleri

view-icon 926
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşanda her bir hünärmeniň ýetilen sepgit bilen kanagatlanman, özüniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli iş alyp barmalydygyny sargyt edýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri we “Galkynyş” atly-sport toparynyň agzalary Belarusuň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen artistleri we jigitleri tomaşaçylara milli sirk sungatynyň baý däplerini, türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygny görkezdiler. Şol çykyşlar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny artdyrmak,türkmen jigitleriniň ussatlyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamdeow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrdy.

Türkmen jigitleriniň Belarusda bolýan günlerinde Minskiniň Döwlet sirkiniň zalynyň her gün tomaşaçylardan doly bolmagy ol ýerde biziň watandaşlarymyzyň çykyşlarynyň uly gyzyklanma döredendigine şaýatlyk edýär. Türkmen jigitleri özleriniň çylşyrymly we täsirli çykyşlary, ýokary ussatlygy bilen köp sanly belarus tomaşaçylaryny haýrana goýmagy başardylar. Olar özleriniň ussatlyklary bilen sahna sungatynyň ajaýyp görnüşlerini kämil derejede ýerine ýetirdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri täze ösüşe eýe boldy. Biziň ýurdumyzyň at üstündäki öýunlary ýerine ýetirýän ussatlar milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde atçylyk sporty boýunça köptaraply işiň täze derejä çykandygyny, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýandygyny we atçylyk sportunyň barha ösdürilýändigini nygtaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tagallasy netijesinde behişdi bedewler hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň irine öwrüldi. Häzirki döwürde milli atçylyk-sport ulgamyny türkmen halkynyň baý medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňelýär.

Şeýle işjeň çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmen jigitleri diňe bir ýrdumyzda däl, eýsem dünýä sahnalarynda üstünlikli çykyş edýärler, tejribe toplaýarlar we öz çykyşlarynyň görnüşlerini artdyrýarlar. Daşary ýurt metbugatynyň sahypalarynda ahalteke bedewlerinde çykyş edýän we türkmen milli satçylyk sportunyň artykmaçlyklaryny hem-de ussatlyklaryny görkezýän türkmen jigitleriniň çeýeligi, olaryň täsirli çykyşlary barada giňden, yzygiderli gürrüň berilýär.

At üstündäki oýunlaryň çylşyrymly görnüşlerini ýerine etirýän türkmen çapyksuwarlary çapyp barýan bedewlerde dürli hereketleri ussatlyk bilen ýerine etirmek arkaly tomaşaçylarda uly şowhun döredýärler we täsir galdyrýarlar. Çylşyrymly çykyşlara syn edýän tomaşaçylar öz gezeginde şowhunly el çarpyşmalar bilen türkmen jigitleriniň sagbolsunyny ýetirýärler. Munuň özi bolsa sungat ussatlarynyň zähmetine berilýän iň ýokary bahadyr.

Watanymyza dolanan türkmen jigitleri häzirki döwürde öz ussatlyklaryny artdyrýarlar we ýerine ýetirýän hereketlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. Çünki milli Dilerimiz olaryň çykyşlarynyň üstünliklere beslenmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda yzygiderli alada edýär.