Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplygynyň 17 ýyllygyna ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan uly baýramçylyk konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bitaraplyk güni – türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşnietli goňşuçylyk däpleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan umumymilli baýramçylyk bolup, ol berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýar. Gazanylan Bitaraplyk – hukuk derejesiniň ýörelgelerine berk eýermek bilen, Türkmenistan abraýly halkara guramalary we dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly geçirip, diňe milli däl-de, eýsem umumyadamzat bähbitlerini goraýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek boýunça başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar. Biziň ýurdumyzyň BMG-niň käbir öňde baryjy düzümleriniň agzalygyna saýlanmagy hem-de garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň we onuň Lideriniň günsaýyn artýan halkara abraýy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Bitaraplyk gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm resminamany –Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamagynyň çuň manysy bar. Bu resminama Türkmenistanyň köpugurly diplomatiýasyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýermek ýörelgelerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär diýip, milli Liderimiz belleýär.
Maslahat köşgüniň ajaýyp zalynda geçirilen dabara türkmenistanlylaryň we bu şanly gün türkmen paýtagtyna gelen myhmanlaryň köpsanlysyny birleşdirdi. Zala ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýaşulular, talyp ýaşlar bar. Tomaşaçylaryň arasynda şu gün paýtagtymzyda geçirilen “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşajylar hem bar.
Zala ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk, şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, özi üçin ýörite bellenilen ýere geçýär.
Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyny Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilen “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!” diýen watançylyk aýdymy açýar.
Ýurdumyzyň belli aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Berkarar döwletim Baky Bitarap” atly edebi-sazly çykyş Maslahat köşgüniň sahnasynda baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp başlangyjyna öwrüldi.
Artistleriň çykyşlary häzirki zaman bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň döwürlerini şöhlelendirýän wideo film bilen utgaşyp gitdi. Bu döwürler berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamynyň ägirt uly işleriniň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara işleri we başlangyçlary bilen üznüksiz baglydyr. Milli Liderimiziň türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň gadymdan gelýän belent durmuş maksatlaryna, parasatly we ynsanperwer däplerine esaslanan parahatçylyk söýüjilik syýasaty biziň ýurdumyza we döwlet Baştutanymyza ählumumy ykrar edilmegini getirdi.
Soňra sahnada gezekli-gezegine ýurdumyzyň ussat we çeperhöwesjeň toparlary, belli estrada aýdymçylary, özboluşly milli sungatymyzyň däplerini mynasyp dowam edýän aýdym-saz toparlarynyň ussatlary öz çykyşlaryny görkezdiler. Halk we estrada aýdymlary, nusgawy eserler, tans we döredijilik çykyşlar konsertiň maksatnamasynyň esasyny düzdi. Dabara belli aýdymçylar bilen bir hatarda zehinleriň sungatynda täze ýola başlan ýaş aýdymçylaryň gatnaşmagy baýramçylyk konsertiniň tapawutly aýratynlygy boldy.
Tomaşaçylar belli türkmen kinofilmlerinden aýdymlaryň ajaýyp çemenine şowhunly el çarpyşmalar bilen baha berdiler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan belli aýdym-saz toparlarynyň we tanymal tans toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bu ýere ýygnananlary biperwaý goýmady.
Dünýäniň we milli saz genji-hazynasyndan eserleri erine etiren aýdymçylar we sazandalar öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.
“Yşyklaryň mukamy” atly özboluşly çykyş baýramçylyk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy. Dürli reňkli çyralar täsin aýdym-sazlar bilen bilelikde zalda baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.
Ýurdumyzyň aýdym-saz, tans toparlarynyň ajaýyp ýerine ýetiren küşt depdi tansy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi.
Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine etiren “Jan Watanym Türkmenistan” atly aýdym dabaranyň jemleýji pursatyna öwrüldi. Ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanyna bolan buýsanç duýgusyndan kalby dolan tomaşaçylar bu watançylyk aýdymynyň sözlerini alyp göterdiler.