Ï Ulag ulgamyndaky işläp taýýarlamalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag ulgamyndaky işläp taýýarlamalar

view-icon 1218
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçirilen ulag ulgamyndaky işläp taýýarlamalara bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň awtoulaglar ministrliginiň dürli önümçilik düzümleriniň , paýtagtyň taksomotor, awtoulag we ýolagçy kärhanalarynyň wekilleri çagyryldy.

Ýokary okuw mekdepleiniň talyplary we mugallymlary myhmanlara özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Olaryň dykgatyna özüniň ýokary jebisligi we çeýeligi bilen tapawutlanýan asfalta goşundy hökmünde maýdalanan awtotigirleriň ikilenji gaýtadan ulanyljak tehnologiýasy hödürlendi. Bu tehnologiýa ulanylanda ýol düşeginiň iň kiçi jaýryklary hem ýol bilen deňleşip ýapylýar.


Şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň ylmy wekilleri öz myhmanlaryny awtobuslaryň ýol hereketini gözegçiligiň üsti bilen ýol hereketi amatly etmek we gatnawynyň dartgynly wagty tizligi saklamaklygy düzgünleşdirmek boýunça işläp taýýarlama hödürlediler.

Şeýle-de ýokary okuw mekdebinde işläp taýýarlanan daşky gurşawa zyýanly maddalaryň aralaşmagynyň öňüni almaklyk üçin awtoulaglarda gaz çykarýan ulgamyna filtr myhmanlaryň dykgatyna hödürlendi. Bu işläp taýýarlamalara önümçilikde synaglar garaşýar.Olar gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdiler.

Dürli edara – kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda şunuň ýaly çäreleri geçirmeklik Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty üçin däbe öwrülýär. Ýakynda hem ýokary okuw mekdeiniň talyplarynyň, aragatnaşyk fakultetiniň alym mugallymlarynyň we degişli ministrligiň hem-de onuň düzümine girýän edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şunuň ýaly maslahat geçirildi.