Beýik ýüpek ýoly – örän uly söwda ýoly bolup, Gündogary we Günbatary birleşdiren hem-de ajaýyp şäherleriň, binalaryň, däp-dessurlaryň, hat-da döwletleriň hem köp sanlysynynyň döremegine özüniň oňaýly täsirini ýetiripdir. Ol beýik geçmişden ýadygärlikleri saklamak bilen, bu günki gün Türkmenistanyň giňişliklerinde türkmen halkynyň medeni ýadygärlikleri saklanyp galypdyr, biziň ata-babalarymyzyň Ýewraziýa kontinentiniň halklary bilen söwda, ruhy, medeni aragatnaşyklary edendikleine şaýatlyk edýär.
Kerwensaraýlar halkara söwdasynda esasy orny eýeläpdir. Lebap welaýatynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Daýahatyn şeýle häsiýetli türkmen ýadygärlikleriniň içinde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Tahiridler neberesiniň düýbüni tutujylar bolan Tahyr we Hüseýin tarapyndan gurlan bu gala umumylykda biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Dogrusy, bu gala Daýahatyn kerwen saraýyna öärülmek bilen, seljuklar döwründe öz ähmiýetini üýtgetdi.
Türkmenistanyň çäklerinde onuň çeperçilik kämilligi boýunça oňa taý gelýän kerwensaraý ýokdur. Hat-da goňşy ýurtlarda hem şular ýaly ýadygärlikleriň diňe iki sanysy; ol Rabat we mälik ady bilen tanalýan, Samarkant we Muharanyň arasyndaky esasy ýoluň ugrunda ýerleşýän Garahanidleriň sähra rezidensiýasydyr, beýlekisi bolsa, Merwiň hökümdarynyň buýrugy boýunça gurlan Sarahs we Nişapur daglarynyň arasynda ýerleşýän Rabat we Şarafdyr. Daýahatyn – onyň gurluşyny kynçylyksyz, dolylygyna göz öňüne getirip bolýan ýeke-täk ýadygärlikdir. Bu bolsa häzirki zaman releýjilere bar bolan orginala daýanyp, berk ylmy esasda onuň ýitip giden böleklerini kynçylyksyz dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Daýahatyn bilen bagly är-aýal wepalylygyna we söýgüsine bagyşlanyp rowatlar hem bar. Olaryň birinde Daýa atly owadan gyzyň örän gözel daşky keşbini beýelkilerden ýaşyrmak üçin Daýahatyn ýerli hökümdar tarapyndan gurlupdyr diýlip aýdylýar. Başga bir rowaýatda bolsa, öz aýalyna ikilik eder öýdüp güman eden we ýalan töhmet bilen göwnüne degilen baý adam gedaý eşigi bilen öýden çykyp gidýär. Onuň aýaly Baýhatyn köp ýyllaryň dowamynda adamsy gaýdyp geler öýdüp garaşypdyr. Adamsynyň gedaý gezmegini ýeňilleşdirmek maksady bilen, ol çölüň içinde uly we owadan kerwensaraý gurdurýar. Onuň gurluşygy üçin kerpiç Merwde taýýarlanylýar hem-de elden-ele geçirilip, gurluşygyň gidýän ýerine eltilipdir. Gurluşykçylaryň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda dewüş hökmünde gezen we öz ata watanyna gaýdyp gelen bu aýalyň adamsy hem bar eken. Baýhatyn öz adamsyny tanapdyr. Ýöne çadyrasyna bütenmek bilen ol, tanalmaz derejä baryp ýetipdir. Gurluşyk tamamlanandan soňra ol uly toý tutýar. Bu rowaýat är-aýalyň ýaraşygy bilen tamamlanýar.
Daýahatyn kerwensaraýy Х-ХII asyr bina gurluşygynyň häsiýetli ýadygärligi bolup durýar. Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKON-yň Bütindünýä miras sanawyna goşmak üçin Beýik ýüpek ýoluny hasaba almak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň garamagyna hödür edilen ýadygärlikler bir hatarda türkmen halkynyň ajaýyp arhitektura we medeni ýadygärligi bolan Daýahatyn kerwensaraýy hem bardyr.