Ï Özgertmelerde üç strategiki ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özgertmelerde üç strategiki ädim

view-icon 5934
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň artykmaçlyklary makroykdysadyýeti sazlaşdyrmagy, bazar mehanizmlerini ornaşdyrmagy, ykdysadyýetiň hususy bölegini we döwletiň bähbitlerini ösdürmegi nazara almak bilen saýlanyp alynýar. Türkmenistanyň öňünde duran wezipeler „Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli naksatnamasynda“ öz beýan edilýär.

Maksatnamanyň esasy maksady – gysga wagtda ýurdy durmuşyň hili boýunça ýokary derejeli döwletleriň, baý tebigy mümkinçiliklere daýanmak bilen, ykdysady taýdan çalt ösýän ýurtlaryň hataryna goşmagy gazanmak, şeýle hem maliýe we zähmet serişdeleri bolup durýar. Makasatnamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Birinji tapgyrda (2011-2015 ýyllar) özgertmeleri indensifikasiýa etmek, ykdysadyýetiň gurluşyny täzeden guramak we ony diwersifikasiýa etmek arkaly amala aşyrylýar, önümçiligi döwrebplaşdyrmak we tehniki hem-de tehnologiki taýdan durkuny täzelemek, täze pudaklary emele getirmek, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Himiýa, ýeňil senagatynyň, azyk toplumynyň we gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik mümkinçiligini çaltlandyrylan depgini, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak üpjün edilýär. Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleri boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamlaryny (bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sporty we ýaşaýyş-jaý kommunal ulgamlaryny ösdürmek) hil taýdan özgertmek boýunça meseleler amala aşyrylýar. Şeýle uly göwrümdäki taslamalar örän uly maýa goýumlary bilen häsiýetlendirilýär. Bu bolsa jemi milli önümide maýa goýumlaryň paýynyň artmagyny üpjün edýär.

Ikinji tapgyr (2016-2020 ýyllar) ýurduň mundan beýläkki öňdebaryjy ösüşini üpjün edýär. Bu döwürde milli maýa goýum ulgamy emele getiriler, durmuş ähmiýetli ykdysadyýeti güýçlendirmek boýunça akymlar saklanyp galar. Ykdysadyýetde düzümleýin we pudaklaýyn özgertmeleri mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak, bazar ykdysadyetiniň ösen institutlaryny döretmek, hususy eýeçiligi düýpli giňeltmek, hakyky ykdysadyýete ýlmyň, tehnikanyň we maýa goýumlryň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga esaslanýan täze önümçiligiň we hyzmat edişiň döremegini öňünden kesgitleýär. Ýurduň sebitlerini we oba ýerlerini düýpli abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlanar, iň öňdebaryjy ölçeglere laýyk gelýän ulag we kommunikasiýon ulgam dörediler.

Maksatnamany amala aşyrmagyň üçünji tapgyrynda (2021-2030 ýyllar) Türkmenistan daşary ýurtlary bilen iň ýokary integrirlenen, netijeli we durnukly syýasy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyga şert döredýän dünýäniň ykdysady taýdan ýokary ösen döwletleriniň hatarynda bolmagy maksat edinilýär. Bu döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýeti düýbünden diwersifirlener, ilatyň girdejileri, şeýele hem durmuş şertleri dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde bolar.

Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurtda ykdysady, durmuş we medeni ösüşiň hemme ugurlary boýunça pudaklaýyn maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.