Ï „Dostlukly mekdepler çagalara“ estafetasy täze derejelere çykýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Dostlukly mekdepler çagalara“ estafetasy täze derejelere çykýar

view-icon 1100
Aşgabatda „Dostlukly mekdepler çagalara“ halkara hereketiniň goldamagynda çaganyň irki ösüş meseleleri we ýurduň orta bilim berýän mekdepleriniň işiniň seljeriş binýadyny öwrenmek boýunça maslahatlar tapgyrlary geçirildi. Oňa BMG-nyň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bilim ministrliginiň we oňa degişli edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatlaryň esasy maksady – Dostlukly mekdeplar çagalara (DMÇ) ugry boýunça taslamalaryň birleşdiren mekdeplerini sertifikasiýaşdyrmak üçin täze usuly işläp taýýarlamakdyr.


„Dostlukly mekdepler çagalara“ maksatnamasy türkmen hökümeti tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edilipdi. Bu maksatnama 26-sany mekdepde: biri paýtagtda, her welaýatda 5 sanysynda, üstesine-de diňe bir merkezlerde bolman, eýsem daş ýerlerdäki obalarda hem geçirildi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde şu günki günde durýan wezipeleriň içinde serifikasiýa binýadyny işläp düzmek işleri hem dur. Ol öz içine milli ülňülerini we görkezijilerini, „Dostlukly mekdepler çagalara“ atly maksatnamanyň ölçeglerine gabat gelmjek mekdepler üçin kadalaşdyryş tertibini hem alar.

„Dostlukly mekdepler çagalara“ atly maksatnamasyna ýurdumyzyň häzirki zaman öňdebaryjy okuw-barlamhana innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan ençemeorta bilim berýän mekdebler dalaşgär bolup biler. Bu mekdeplerde ýaş nesliň hemmetaraplaýyn giň gözýetimli olmagy we ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Olara tejribeli, ýokary hünär bilimleri bolan , mugallymçylyk kärini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän mugallymlar bilim berýärler.