Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasyny döretmeklige bagyşlanan maslahat geçirildi. Gaznanyň serişdeleri fundamental, tejribe ähmiýetli we ylmy-konstruktor işleri ýaly ileri tutulýan ugurlardan ýaş alymlaryň ylmy işlerine, täze häzirki zaman barlaghana enjamlaryny , hasaplaýjy tehnikany, satyn almaklyga, monografiýalary, kitaplary çap etmeklige, ylmy-dokumental filmleri taýýarlamaklyga, ylmy ekspedisiýalary goldamaklyga, ylmy maslahatlary we simpoziumlary geçirmeklige, häzirki zaman aktual işläp taýýarlamalary önümçilige girizmeklige gönükdiriler.
Gazna şeýle-de ýaşlaryň döredijiligini goldaýan halkara gaznalary bilen ylmy aragatnaşygy we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmeklik üçin hem hyzmat eder. Gaznanyň işini dolandyrmaklyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy ýaşlaryň baý döredijilik- ylmy kuwwatyny durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri döreder hem-de ýurdumyzyň halk hojalygyny ussat ökde hünärmenleri bilen üpjün etmäge ýardam berer.
Häzirki wagtda informasion taryhy, kliometrika, tejribe ähmiýetli matematika , informasion biologiýa ýaly we ençeme başga täze ylmy ugurlary özleşdirmekde, ylmy gözleglerde nano we informasion tehnologiýalary ulanmakda esasy orun ýaş alymlara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda aktual ylmy gözleglerde aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşygy höweslendirilýär, ýörite hünär aýratynlykly ylmy-populýar we okuw edebiýatyny taýýarlamak we çapdan çykarmaklyk, şol sanda olaryň elektron görnüşlerini hem çykarmaklyk işleri gurnalýar.
Türkmenistan innowasion häsiýeti bolan ylmy taslamalara ýardam bermeklik we maglumatlaýyn we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmeklik üçin uly maýa goýumlaryny goýýar. Muňa mysal edip, Watanymyzyň ylmyny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berjek Milli kosmos agentliginiň döredilmegini aýdyp bolar. Geljekde, öýjükli aragatnaşygyň, internet ulgamynyň, sanly telewideniýanyň we beýleki aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny kämilleşdirjek aragatnaşyk emeli hemrasyny göýbermeklik göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Bekrewede ýurdumyzyň bilim, ylmy-önümçilik, intellektual-aň-düşünje we hünär güýjüni özünde jemlejek we alternatiw energiýa çeşmelerini (gün, ýel) ulanmak babatyndaky ylmy gözlegleri geçirmeklik üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjek , nano we maglumatlaýyn tehnologiýalary özleşdirmek we täze häzirki zaman tehnologiýalary durmuşa we önümçilige ornaşdyrmaklyga ýardam berjek tehnologiýalar merkeziniň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Ýaşlary ylmy işlere çekmeklik ýaşlaryň ylmy ugurdaky bilimlerini ýaşlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmaklygy , ylmy institutlaryň, guramalaryň we ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlygyny, ylmy işleriň bäsleşiklerini geçirmekligi, milli we halkara maslahatlary geçirmekligi göz öňünde tutýar.
Mysal üçin Türkmenitanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh instituty 2013-nji ýylyň aprel aýynda ýaş alymlaryň halkara konferensiýasyny geçirmekligi göz öňünde tutýar. Bu maslahat şu, ýagny ýaş alymlar we innowasion ösüşiň ugurlary, dünýä medeniýetleriň gatnaşyklarynyň çäklerinde gumanitar ylmynda ýaş alymlaryň hyzmatdaşlygy, takyk we tebigy ylym-tehniki ösüşiň esasy kuwwaty we gýji ýaly ugurlarda geçiriler. Ýaşlarda ruhy dünýägaraýşy gymmatlyklary däpleriniň emele gelmeginde sungatyň we dil medeniýetiniä orny we ähmiýeti meselelerine hem maslahatda ara alyp maslahatlaşmaklyk şeýle-de ylym we tehnologiýalar ulgamynda ýaş ýokary hünärli alymlary taýýarlamakda gerekli usullary kämilleşdirmeklik bilen baglanyşykly meselelere hem garamaklyk göz öňünde tutulýar.