Ï Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň ýeňijisi kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň ýeňijisi kesgitlenildi

view-icon 1299
Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly döredijilik bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu bäsleşik estrada aýdymlaryny ýerine ýetirýän ýaş aýdymçylaryň hünär ussatlygyny höweslendirmäge we Türkmenistanyň häzirki zaman saz medeniýetini ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik indi dördünji gezek geçirilýär. Bu ada mynasyp bolmak üçin bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl ilkinji gezek welaýatlarda hem bäsleşigiň saýlama tapgyrlary geçirildi we onuň deslapky tapgyrlaryna zehinli ýerine ýetirijileriň 250-den gowragy gatnaşyp, abraýly emin agzalary tarapyndan olaryň arasyndan has tapawutlananlaryň 30-sy saýlanyldy.


Soňra bolsa tomaşaçylaryň gönüden-göni ses bermeleriniň netijelerine bagly bolan tapgyra badalga berildi. Ýaş aýdymçylara ýurdumyzyň giň tomaşaçylar köpsüliginiň öňünde – “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmäge mümkinçilik berildi.

Onuň barşynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler üçin ýaş ýerine ýetirijileriň zehinlerine olaryň çykyşlary boýunça baha berip, SMS-ler we telefon jaňlary arkaly ses bermäge mümkinçilik döredildi. Bu çäräniň dowamynda has zehinli aýdymçylaryň onusy saýlanyp alyndy we olar jemleýji tapgyra gatnaşmak hukugyna eýe boldular.

Bu gün bolsa olar Maslahat köşgünde birkemsiz bezelen baýramçylyk görnüşindäki Täze ýyl arçasynyň öňünde çykyş edip, öz ukyplaryny görkezdiler. Ýaş zehinleriň ýerine ýetiriş ukyplaryna mynasyp baha bermek üçin bu ýere belli artistler, aýdymçylar, kompozitorlar ýygnandylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçylary bar. Olar bäsleşige gatnaşýan ýaşlara jemleýji tapgyrda çykyş etmäge taýýarlanmaga hem kömek etdiler. Olaryň arasynda şeýle bäsleşiklerde geçen ýyllarda ýeňiji bolanlar Jahan Tagyýewa we Atajan Berdiýew hem bar. Olar bu gün agşam hem tomaşaçy, hem emin agzalary boldular we bu tanymal aýdymçylaryň gelen netijesi “Ýylyň parlak ýyldyzy - 2012”-niň ýeňijisini kesgitlemäge öz täsirini ýetirip biler.

Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň her biri iki aýdymy ýerine ýetirýärler. Aýdymlaryň biri emin agzalarynyň aýdymçynyň sesine adalatly baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da şeýle, synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ukyplaryny, olaryň tomaşaçylar bilen gatnaşyk saklamak başarnygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagatlap dowam etdi. Onuň barşynda tomaşaçylar ýörite kartoçkalaryň kömegi bilen ses berdiler, emin agzalary bolsa, bäsleşige gatnaşyjylar çykyşyny tamamlanyndan soň öz pikirlerini aýtdylar.

Sesleriň jemler boýunça “Ýylyň parlak ýyldyzynyň” ady yglan edildi. Bäsleşigiň barşynda öňdeligi ynamly eýelän ýaş zehinli aýdymçy, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, ýakymly sesi bilen türkmen tomaşaçylaryna eýýäm belli bolan Liliýa Çurçaga abraýly ada eýe boldy. Onuň üýtgeşik zehinine tomaşaçylaram, emin agzalaram mynasyp baha berdiler.

Bäsleşigiň ýeňijisine “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy we höweslendiriji baýrak gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde Nurýagdy Rejebow we Merdan Nurgylyjow mynasyp boldular. Ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary, milli medeniýetimiziň ykrar edilen halypalary ýeňiji bolan ýaş aýdymçylara döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alada etmegi netijesinde ýaş zehinleriň öz döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilendir.