Ï Ekologlar ýabany toýnakly haýwanlary we guşlary iýmitlendirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologlar ýabany toýnakly haýwanlary we guşlary iýmitlendirýärler

view-icon 2542
Sowuk howanyň ir başlamagyny nazara almak bilen, tebigy goralýan çäklerde ýabany toýnakly haýwanlary iýmitlendirmek, şeýle hem suw-batgalyk ýerlerde guş sürülerini goramagy güýçlendirmek işleri başlandy

Türkmenistanda howanyň ýeterlik derejede ýumşak bolmagy netijesinde biziň ýurdumyzda suwda we onuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň ýüz müňlerçesi gyşlaýar. Muňa iýmlik binýat we doňmaýan suw howdanlarynyň bolmagy oňaýly täsirini ýetirýär. Dekabr aýynyň irki aýazly günlerine garamazdan şy ýylky gyş pasly hakyky sowuk, garly we dumanly günleri bilen öz ýowuzlygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň işgärleri guşlaryň gyşlaýan ýerlerine we Hazar deňziniň kenarlaryna, derýalaryň gyralarynya gözegçilik edýärler. Howanyň temperaturasynyň pes derejesiniň, galyň garyň, buz bilen örtülen suw howdanlarynyň ördekleriň, durnalaryň, gazlaryň, guwlaryň, sakarbalaklaryň, gotanlaryň, hokgarlaryň we bu ýerde iýmitlenmek üçin ýygnanýan beýleki suw-batga we gury ýer guşlarynyň iýmitlenmegine zeper ýetirlmezligi üçin gerek bolan işleriň ählisi geçirilýär. Hünärmenler guşlaryň özleri barada edilýän aladalary duýmaklary üçin çalyşýarlar. Şäher şertkerinde tebigaty söýüjiler däp boýunça gyş döwründe guşlaryň paýyny ýatdan çykarmaýarlar. Olar baglarda we ýaşaýyş jaýlarynyň balkonlarynda guşlaryň iýmitlenmegi üçin ýörite ýerleri ýasaýarlar.

Gyş günleriniň häli-şindi üýtgäp durmagyna garamazdan, tebigaty goramagyň hünärmenleri tarapyndan ýabany haýwanlaryň oňat hilli gyşlamaklary üçin meseleler oňyn çözülýär. Tebigaty Goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, weterinariýa gullugynyň, galla galyndylary boýunça taýýarlaýyş edaralarynyň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň alym-ornitologlary, ekologiki maksatnamalarynyň we taslamalarynyň bilermenleriniň hünärmenleri ýagdaýlary seljerip, degerli kömekleri berýärler.

Goraghanalaryň we Türkmenawbalykjemgyýetiniň işgärleri eýýäm sowuk howanyň ilkinji günlerinden başlap guşlary we haýwanlary iýmitlendirip başladylar. Ekologlar ýerli ýaşaýjylaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler. Çünki olar baradaky alada biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.

Goraghanalarda ýabany haýwanlar üçin adaty bolan ýerlerde heniz aýazly günler başlamanka öňünden olaryň suw içýän ýerleri arassalanyldy, samanyň, ýorunjanyň, ýandagyň, seliniň, buýanyň, jöweniň we kombirlenen iýmiň tonnalarçasy taýýarlanyp, „iýmitlik“ binýady döredildi. Her bir goraghana üçin şeýle binýat hil düzümi we ýabany ösýän ösümlikleriň anyk çäkleri üçin mahsus bolanlaryndan özbaşdak düzüldi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginden habar berişleri ýaly, goraghanalaryň ählisinde diýen ýaly, ösümlik nahallarynyň çäkleriniň durky täzelenildi hem-de demir gözenekleri abatlanyldy. Goraghanalryň hemmesinde haýwanlary goramak, seýrek duş gelýänleriniň sanyny dikeltmek, haýwanlaryň ýitip barýan we hojalyk üçin gymmatlay bolan görnüşlerini goramak maksady bilen, haýwanlary saklamak üçin täze ýerler guruldy. Häzirki wagtda her ýylda geçirilýän haýwanlary hasaba almak işlerine taýýarlyk görülýär. Bu işde esasy üns jerenleriň, dag goçlarynyň we beýleki seýrek duş gelýän toýnaklylaryň baş sanyny hasaba alynmagyna gönükdiriler.