Daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlarynyň –meşhur türk artisti Tarkanyň we belli arap aýdymçysy Ruweýda Attiýehiň baýramçylyk konsertleri aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ählisi üçin ajaýyp täze ýyl sowgady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen şu halkara medeni çäräniň esasy maksady Täze ýyly garşylamak bilen baglylykda, baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýyny döretmekden ybaratdyr. Türkmenistanlylaryň birnäçe nesliniň söýgüli estrada aýdymçylary bilen duşuşyklar täze ýylyň öňýanyndaky hepdäniň iň ýakymly wakalarynyň biri boldy...
Konsertler Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Bu toplumyň buzly meýdançasynda öňem daşary ýurtly meşhur artistleriň gatnaşmagynda konsertler ençeme gezek geçirilipdi. Şol artistleriň biziň ýurdumyzdaky çykyşlary baýramçylyk wakalarynyň we şanly seneleriň aýdyň alamatlaryna öwrüldi.
Şu gün gyşky oýunlar sport toplumy myhmanlary baýramçylyk lybaslarynda garşylady: bu ýere tomaşaçylaryň müňlerçesi ýygnandy. Gündizki konsertleriň birinjisi türkiýeli aýdymçy Tarkan Tewetoglunyň gatnaşmagynda geçirildi. Halk arasynda Tarkan ady bilen meşhur bolan aýdymçynyň Türkmenistanda hem muşdaklary örän köpdür. Olar doganlyk ýurduň aýdymçysynyň ilkinji albomy çykan döwründen bäri onuň döredijiligine uly hormat-sarpa goýmak bilen garaýarlar. Şol döwürden bäri bolsa eýýäm 20 ýyla golaý wagt geçipdir!
Şu ýyl bu meşhur artistiň 40 ýaşy doldy. Şoňa görä-de, artist üçin bu aýratyn ýylda onuň türkmen tomaşaçylary üçin özüniň iň gowy aýdymlaryndan düzülen konsert maksatnamasyny getirendigini bellemek ýakymlydyr. Tarkanyň esasan hem türk dilinde aýdýandygyna garamazdan, şol aýdymlaryň köpüsi bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolup, olar diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem, Ýewropada hem artiste uly üstünlik getirdi. Hut türk we türkmen halklarynyň dilleriniň ýakynlygy öz ýurdunda meşhur ýyldyz hasaplanylýan aýdymça biziň tomaşaçylarymyzyň hem söýgüsini getirdi.
Aşgabatdaky sport toplumynyň sahnasyna çykan badyna artist munuň şeýledigine göz ýetirdi. Tomaşaçylar onuň her bir aýdymyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tarkan Türkmenistany we şu gün zala ýygnanan türkmenistanlylary mübärekläp, şeýle mähirli garşylanandygy üçin özüniň tolgunýandygyny gizläp durmady we ýene-de tomaşaçylary meşhur aýdymlary bilen begendirdi. Olaryň arasynda “Şikidim” we “Şimarik”, “Dudu” we “Kuzukuzu” hem-de beýleki aýdymlar bar.
Konsert maksatnamasyna ýewropa we türk heňlerini sazlaşykly utgaşdyrýan joşgunly kompozisiýalar, pop-sazlary we örän täsirli halk aýdym-sazlary girizildi. Tarkan halk aýdymlaryny täze öwüşginde ýerine ýetirmegi başarýar. Hut şu aýratynlyklar türkmen estrada sazandalarynyň we aýdymçylarynyň, şeýle hem döredijilikde hakyky milli kökleriň ýüze çykmasyna baha bermegi başarýan tomaşaçylaryň arasynda onuň abraýyny has-da artdyrdy.
Söýgi hakdaky aýdymlar hem konsertiň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Şol aýdymlar hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly ajaýyp duýgularyň we şirin arzuwlaryň aýdyň beýanyna öwrülip, bu baýramçylyk şowhunyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Dilleriň ýakynlygy artiste sahnadan tomaşaçylar bilen terjimesiz söhbetdeş bolmaga mümkinçilik berdi. Ol aýdyp başlan bendiniň dowamyny aýtmagy tomaşaçylardan haýyş edende, zala ýygnananlar onuň haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirip, aýdymy soňuna çenli ýatdan aýtdylar. Konsert hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, tomaşaçylar estrada ýyldyzy bilen hoşlaşmaga howlukmaýardylar. Olar şowhunly el çarpyşmalar bilen Tarkany ýene-de aýdym aýtmaga çagyrýardylar. Artist bolsa, öz nobatynda, tomaşaçylara şatlyk we iň gowy duýgulary bagyşlady. Şol aýdymlary zaldakylar ör turup garşyladylar we sazyň owazy hem-de el çarpyşmalaryň astynda tans etdiler. Tarkan minnetdar tomaşaçylardan gül desselerini kabul edip, şeýle mähriban we ruhubelent tomaşaçylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de olar bilen täze duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşjakdygyny aýtdy.
Aşgabatlylar üçin ýakymly Täze ýyl dabaralary agşam hut şol ýerde, Gyşky oýunlar sport toplumynda ýene-de bir aýdym-saz baýramçylygy—meşhur aýdymçy Ruweýda Attiýehiň konserti bilen dowam etdirildi. Siriýaly aýdymçy zenan diňe bir arap dünýäsinde däl, eýsem, Ýewropanyň ýurtlarynda hem bellidir. Onuň mähirliligi, ajaýyp sesi, egsilmez güýç-gaýraty şu gün türkmen tomaşaçylaryny haýran galdyrdy.
Ruweýda sahna türkmen milli nagyşly lybasda we türkmen şaý-seplerinde çykdy. Munuň özi tomaşaçylary artist bilen has ysnyşdyrdy hem-de bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Eger-de Tarkan bilen özara düşünişmäge dilleriň ýakynlygy ýardam eden bolsa, Ruweýdanyň çykyşynda türkmen we arap medeniýetleriniň aýdym-saz kökleriniň umumylygy esasy orun eýeledi. Olar özleriniň taryhynda birek-birege ýakyndan täsir edipdir.
Şoňa görä-de, aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlary bilen sazlaşykly ýaňlanan ajaýyp sazlar uly höwes bilen diňlenildi. Bu özboluşly sazlar ýerine ýetirilende elektrogitara, skripka, häzirki zaman sintezirleýji gurallar hem kakylyp çalynýan halk saz gurallary aýratyn sazlaşyk döretdi. Gündogar saz mekdebiniň däplerini mynasyp dowam etdirýän sazandalaryň hem ýokary ussatlygyny bellemelidiris.
Joşgunly tans sazlary, haýran galdyryjy aýdymlar, Ruweýdanyň mylaýym sesi şol gün agşam her bir diňleýjiniň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu konsert oňa gatnaşan tomaşaçylaryň ýadynda syrly arap ertekileriniň özüne maýyl ediji sazlary bilen duşuşyk hökmünde galjakdygy ikuçsuzdyr.
Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmenistanlylara peşgeş beren şu günki aýdym-saz sowgady tomaşaçylara estetiki lezzet bermek bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-saz däplerini giňden wagyz etmek baradaky çagyryşynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtamak ýerlikli bolardy. Ýewropada hem giňden ykrar edilen türk we arap estradasynyň ýyldyzlarynyň Aşgabatdaky konserti häzirki zaman sungat dünýäsinde özboluşlylyga uly sarpa goýulýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Hut şunuň özi dünýä medeniýetiniň köp öwüşginli we özboluşly bolmagyny üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu köp öwüşginli mukamda Türkmenistanyň owazy hem barha belentden ýaňlanýar.