Şu gün Kemine adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda amerikan režissýory Ueýn Wannyň “Winn Diksiniň tagallasy bilen” atly kinonyň görkezilmegi bilen Amerakan kinosynyň günleri başlandy. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
Garaşylyşy ýaly, amerikan filmleriniň görkezilişi Türkmenabadyň, Balkanabadyň, Daşogzuň kinokonsert zallarynda hem guralar. Olaryň jemleýji görkezilişi 13-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçiriler.
Bu günleriň maksatnamasynda şeýle hem režissýor Dewid M.Ewansyň “Meýdança” filmi, Kenni Orteganyň “Ajaýyp mýuzikl” sazly filmi, Natan Grenonyň we Baýron Howardyň “Rapunsel: bulam-bujar waka” atly doly metražly köpçülikleýin filmi bolup, olaryň soňkusy doganlar Grimleriň “Rapunsel” atly ertekisiniň esasynda Walt Disneý Pictures studiýasynda surata düşürildi. Bu film eýýäm tutuş dünýäde körpe tomaşaçylaryň ararasnyda giň meşhurlyga eýe boldy.
Şu gezek geçirilýän medeni çäre türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, iki dostlukly halklaryň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklaryň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup, onuň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, biziň ýurdumyzyň medeniet we sungat ulgamynyň, jemgyýetçiliginiň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Giň gerimli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we ösüş depginine ýokary baha bermek bilen, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri iki dostlukly ýurduň bähbidine köp ugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.