Ï Kitaphanaçy – döredejilikli hünär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitaphanaçy – döredejilikli hünär

view-icon 1395
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mill kitaphanasynda “Kitaphana – ruhumyzyň baýlygy, ruhy geljegimiziň bagtyýarlygy” ady bilen geçirilen maslahata bu ulgamda işleýän ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň 130-dan gowragy gatnaşdy.

Maslahatda elektron kataloglaryny we elektron kitaphanalaryny döretmek, kitap gaznasyny ýerbe-ýer goýmak we saklamak, ýagny kitaphana bibliografiýasy klassifikasiýadan (KBK) halkara iş tejribesinde kabul edilen uniwersal onluk klassifikasiýasyna (UOK) geçmek ýaly meselelere garaldy. Bu zähmeti köp talap edýän we uly göwrümli iş üç tapgyrda durmuşa geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylaryň aýdyşlary ýaly, häzirki wagtda onuň ikisi eýýäm tamamlandy.

Maslahatyň Türkmen döwlet mdeniýet institutynda geçirilen bölümçesinde okyjylar bilen işleşmegiň usulary ara alnyp maslahatlaşyldy. Meslem, çagalar kitaphanalarynyň köpüsinde gurjak teatry işläp başlady, özi hem çagalar ilkibaşda ertekiniň neşir görnüşi bilen tanyş bolýarlar, ondan soňra bolsa olara oýun görkezilýär. Başga bir kitaphanada ýer işläp bejermegiň gadymy gurallarynyň muzeýi guraldy, üçünjisinde bolsa, çagalaryň zaýalanan kiraplary bejerýän ýeri bolan “Kitap lukmany” ussahanasy işleýär.

Okyjylaryň 7 müňden gowragyna hymat edýän Daşoguz welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň iş tejribesi bellärlikdir. Bu kitaphananyň gaznasy 65 müň kitapdan hem geçýär hem-de her ýylda onuň üsti täze kitaplar bilen ýetirilýär. Geçen ýylda okyjylar 115 müň kitapdan peýdalandy. Bu bolsa bu kitaphananyň guramalaryň bäşisi bilen baglaşan şertnamasynyň netijesidir. Kitaphananyň işgärleri hepdede bir sapar kitaby bu edaralayň işgärlerine eltip berýärler.

2014-nji ýylda Daşoguzda, şeýle hem Balkan we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde täze kitaphana ulanylmaga beriler. Olarda çaphana önümlerini, golýazmalary we gadymy kitaplary saklamak üçin häzirki zaman şertleri dörediler.

2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Mary welaýatynyň merkezi bolan Mary şäherinde eýäm üç million kitaby saklamaga we bir wagtda 600 okyja hyzmat etmäge niýetlenen kitaphana işleýär. Bu kitaphananyň gümmezinde bolsa teleskop goýulan obserwatoriýa ýerleşendir.