Ï Garda miweleýän ösümlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garda miweleýän ösümlik

view-icon 1465
Botanika bagy hakyky gyş tokaýlygyny ýada salýar. Bu ýerde açyk asmanyň astynda gyşlaýan ak gara bürenen ýaprakly baglar ajaýyp keşbe giripdir, sosna agaçlarynyň pürleri bolsa aýazly howa bilen garyşyp, ýakymly ys saçýar. Gynansak-da bu näzikden-näzik owadanlyk uzak durmady – türkmen gyşynyň howasynyň häli-şindi üýtgäp durmagy, aýazly howadan soň günüň şöhle saçmagy, şol bir wagtyň özünde howada güýz äheňleri duýulýar – toprak çygarýar, şemal çygly öwüsýär, guşjagazlar şadyýan saýraşýarlar.


Üç gatlylar maşgalasyna degişli bolan ösümlikler gara we miwä bürenipdir. Hat-da köp ösümlikleriň gyş ukysyna giden wagtynda hem, bu ak gar ösümliginiň ýapraklary hem düşmändir, onuň miweleri bolsa – ösümligiň adyna laýyk gelip, şadyýan we dabaraly garaýarlar.

Bu bezeg ösümligi Demirgazyk Amerikadan we Kanadadan getirildi. Onuň ýaş baldaklary dikligine ösýär, ýöne güýz paslynda indiki ýyl üçin ösjek baldaga ýol berip, köp miweleýändigi sebäpli başlaryny aşak egýärler. Ösümligiň şular ýaly ýylda täze baldagynyň ösüp durmagy onuň ýaýrawly görnüşde bolmagyna getiripdir. Bu ösümik iýul aýynyň ahyrlarynda iki aýyň dowamynda gülläp başlaýar. Özi hem açylan güli bilen bir hatarda aýazly howa çydamly, bagynda üç aýlap saklanýan ýetişen miwelerini hem görmek bolýar.

Bu örän ýönekeýje, çalt ösýän, zyýan berijilere we kesellere garşy durnukly gyrymsy ösümlik paýtagtyň bagbanlary tarapyndan gowy garşy alyndy. Bu ösümlige paýtagtyň seýilgählerinde we beýleki ýerlerinde ýeke ýa-da uly bolmadyk toparda ösüp oturanyna ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Olar pessejik germew, haýat hökmünde we beýleki ýerlerde ulanylýar. Garda miwe berýän bu ösümlik bir ýerde 50-60 ýyla çenli ösüp bilýär. Ösümlik bally ösümlikdir.