Ï Gyşyň garaşylmadyk sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyşyň garaşylmadyk sowgatlary

view-icon 1229
Hazar deňziniň türkmen kenarynda guşlaryň 130 görnüşi höwürtgeleýär. Uçup geçýän guşlaryň görnüşiniň sany has hem köpdür – olaryň görnüşi üç ýüzden hem köpdür. Olar biziň ýurdumyzyň giňişliklerinde ýaz we güýz pasyllarynda göçýän döwürleri gabat gelýärler. Bu guşlaryň arasynda tötänleýin ýa-da seýrek duş gelýänleri hem bar. Olara gabat gelmek bolsa ornitologlar üçin örän şowlylykdyr. Uçup geçýän guşlaryň köpüsi gyşlamaga galýarlar. “Gyşlamaga galýanlaryň” düzüminde eýýäm 200 görnüşi bar. Tebigaty goramak boýunça geçrilýän çäreleriň netijesinde olaryň sanawy barha köpelýär.Adam tarapyndan döredilýän toplumlar guşlaryň täze görnüşleriniň ünsüni çekmek bilen, täze biosenozlaryň döremegine şert döredýär.


Guşlaryň durmuşynda güýz-gyş döwürleri iň bir çylşyrymly döwür bolýar, ýöne ornitologiki gözegçilik nukdaý nazaryndan bu döwür iň bir gyzykly we netijeli döwür bolýar. Şu ýylyň güýzinde we gyş paslynyň başlarynda ýurduň demirgazyk giňişliklerinde howanyň ýygy-ýygydan we birden üýtgäp durmagy bilen tapawutlandy. Bu bolsa biziň ýurdumyza myhman bolup gelýän guşlaryň düzümine we sanyna täsirini ýetirdi. Eýýäm oktýabr aýlarynyň ilkinji günlerinde gyzyl kitaba girizilen sawaklar ýa-da gorbaçlar, noýabryň başynda deňiz bürgütleri – ak guýruklylar, biirinji çärýegiň ahyrynda kiçeňräk balyk iýýän ördekler hem-de seýrek duş gelýän göçýän guşlar, tundrada we tundranyň tokaýlygynda ýaşaýan guşlar peýda boldy. Şeýle guşlar soňky kyrk ýyldan gowrak wagt bäri geçirilen gözegçiliklerde bary-ýogy birnäçe gezek gabat gelindi.

Şol döwürde sibir taýgalarynda ýaşaýan guşlar hem uçup geldiler. Özi hem olar ilkibaşda kenar ýakasynda peýda boldylar, soňra Türkmenbaşy şäheriniň baglaryna ýerleşdiler, ondan soň bolsa “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini saýlap aldylar. Olar bu ýerde şu ýyl hasyllygy bilen tapawutlanan kizil agajynyň çigitlerini işdämenlik bilen iýdiler.

Birinji on günlügiň ahyrynda az sanly kiçi jübtenlere we owadan ýelekli örän eserdeň uly ak sapellere duş gelmek başartdy. Aýyň ahyrynda Halkara we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilen deňiz bürgütlerine – uzyn guýruklara, dekabryň başynda obanyň golaýynda alakalara we bürgütlere gabat gelnip başlandy.


Dekabr aýynyň ortalarynda özüniň bardygy bilen bizi haýran galdyrýan ak gözli, gyzyl kitaba girizilen çernetler uçup geldiler. Ekzotiki myhmanlaryň ählisi ilkinji aýazly günlere 17-23-nji dekabra çenli özlerini oňaýly duýdylar. Şol günleriň olaryň köpüsi toplumlaýyn günorta uçup gitdiler, diňe uýgunlaşan we ornitofaunanyň iň durnukly wekilleri galdylar. Olaryň arasynda adaty däl nusgalary bar. Meselem, guş sürüsiniň arasynda Soýmonowo aýlagynyň kenarynyň lagym hojalyk gurluşyny gaban çal-goňtumtyl öý serçesi bar.

Beýleki haýwanlarda bolşy ýaly, guşlarda hem ýelekleriniň dürli reňklileriniň üç sany esasy anomaliýasy gabat gelýär. Reňk pigmentleri bolmadyk albinoslar ýaly ak serçäniň nusgasy we guşlaryň seýrek duş gelýän görnüşleri hut meniň öz kolleksiýamda bar. Maňa gabat gelen sary serçe özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýar, ol örän eserdeň we oňa uzak wagtlap synlamaga maý bermedi, ýöne ahyrsoňy meniň kanagatlylygym we ezberligim öz netijesini berdi.

Elbetde, gyşyň tamamlanmagy heniz öňde, ýöne gyşyň başy tebigatyň ajaýyp wekilleri bilen duşuşmagy peşgeş berdi.