Ï Hünärmenleriň-seýsmologlaryň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärmenleriň-seýsmologlaryň maslahaty

view-icon 1074
Aşgabatda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň maksatnamalaýyn işleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň YA Seýsmologiýa institutynyň, Türkmenistanyň YA Döwlet seýsmologiki gullugynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmologiki gurluşyk ylmy-barlag institutynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Seýsmiki howpsuzlyga baha bermek, seýsmiki stansiýalarynyň we geofiziki monitoringini ara alyp maslahatlaşmak bu maslahatyň maksady boldy. Maslahatyň dowamynda ýigrimi töweregi çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ondan gowrak tanyşdyrylyş görkezildi. Maslahatda garalyp geçilen esasy temalar Türkmenistanyň çäklerinde seýsmiki we geofiziki gözegçilikleri ösdürmegiň geljegi; seýsmiki howpsuzlyga baha bermek we türkmen seýsmologiýasynyň tejribe ähmiýetli meselesi; häzirki zaman şäher gurluşygynyň seýsmiki durnuklylygy; raýat goranyşynyň meseleleri we tebigy heläkçiligiň ýetiren zyýanlaryny aýyrmaga taýýarlyk; tebigy betbegtlylyga ilatyň taýarlygy ýaly bölümleriň öz atlarynda beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Döwlet seýsmiki gullugynyň ulgamyna önümçilik gözegçiligine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine bagyşlanan çykyş, ýer gabygynyň çuňňur gatlaklary baradaky täze maglumatlary almaga şert döredýän ýokary netijeli kompýuter tehnologiýalaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamak we seýsmiki-geofiziki materiallary döretmek maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu günki gün Türkmenistanyň seýsmiki torunda stasionar stansiýalaryň 22-si bar. Bu tor diňe bir stasionar stansiýalaryna berilmän, eýse ol 3-4 ballarda ýeriň güýçli yrgyldysyny ýarym awtomatiki, özbaşdak duýýan stansiýalara hem berildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň çözýän düýpli meseleleriniň biri hem gurşawyň dartgynly ýagdaýynyň monitoringiniň ylmy-usulýet esaslaryny taýýarlamak we geofiziki meýdanlaryň parametrleriniň üýtgemegi boýunça güýçli ýer titiremelerine taýýarlyk işleridir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda çaklama maksatlary üçin ulanylýan Türkmenistanyň şertleri üçin maglumat beriş toplumy döredildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen alymlarynyň ýer titremeleriniň uzak we orta möhletleýin çaklama ulgamynda gazananlaryny bellediler.

Türkmenistanda seýsmiki çaklama işleriniň jemleri seýsmiki zolaklaryň monitoringini kämilleşdirmek nukdaý nazaryndan gözlegleri mundan beýläk hem ösdürmegiň ädimlerini bellemäge we güýçli ýer titremelerine taýýarlyk işlerini öwrenmegiň düýpli meselerini çözmäge şert döredýär. Geljekde häzirki zaman ölçeg enjamlaryny ulanmak bilen, giň toplumlaýyn usully gözegçilik düzgüniniň ýola goýulmagy orta we gysga möhletleýin ýer titremelerini öňünden bilinmegini ýüze çykarmaga şert döreder. Ilkinji nobatda ynsan ömrüni goramaga gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan ýer titireme çaklamalary örän möhüm bolup durýar.

Seýsmiki howplylyga baha bermek seýsmiki ýagdaýlary çaklamagyň ilkinji bölegi bolup durýar. Türkmenistanda seýsmiki babatda has howply zolaklar ýüze çykaryldy, olar öwrenildi hem-de seçsmiki raýonlaşdyrmagyň Milli kartasyna girizildi. Bu karta geljekde ýurduň çäklerini özleşdirmegi meýilleşdirmegiň esasyny düzýär.

Şeýle hem maslahatda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we seýsmiki taýdan durnukly binalary we gurluşlaryň hasaby üçin halkara tejribelerini nazara alyp, häzirki zaman programmalaýyn toplumlary ulanmak bilen, senagat gurluşyk materiallaryny öndürmek meselesine hem garalyp geçildi.

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmeniniň “Aşgabat şäherindäki gurulan we gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň seýsmiki taýdan durnuklylygyny seljeriş” atly çykyşy örän täsirli boldy. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we etrap we welaýat häkimlikleriniň ýüzlenmesi boýunça Aşgabat şäheriniň, şäherleriň we welaýatlaryň jaýlaryny gözden geçirme işleri alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi seýsmiki tsýdan durnukly gurluşygyň kadalaryna laýyklykda taslanypdyr we gurlupdyr. Bu jaýlar monolit görnüşinde gurlup, antiseýsmiki häsiýete eýedir. Olaryň diwarlary armirlenip, antiseýsmiki böleklerden ybaratdyr. Ýaşaýyş jaý massiwleri boýunça ýaşaýyş jaý gurluşlary boýunça şahsy gurluşlaryň kompýuter binýady döredildi.

Bu ylmy-amaly maslahat hünärmenleriň arasynda maglumatlary we tejribeleri alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ylmy gözlegleriň netijelerini beýan edýän köp sanly işler eýýäm iş ýüzünde ornaşdyryldy hem-de seýsmiki taýdan howplulyga toplumlaýyn baha bermekde ulanylýar. Diňlenen çykyşlaryň düzgün-tertip häsiýete eýe bolmagy özüniň oňaýly täsirini ýetirendigini maslahata gatnaşyjylar bellediler. Her ýylda geçrilýän şular ýaly maslahatlar dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň üstünlikleri barada köpräk bilmäge mümkinçilik döredýär hem-de seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek meselesini çözmekde bilelikdäki tagallalary birleşdirer.