Ï Ynsan elleri bilen döredilýän tebigy landşaft
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ynsan elleri bilen döredilýän tebigy landşaft

view-icon 1609
Ekologlar häzirki günlerden bag ekemgiň ýazky möwsümine taýýarlyk görýärler. Goraghanalaryň tokaýlyga öwürmek zerurlygy bolan meýançalrynda bag ekmek däbe örüldi. Her ýyl, fewral aýyndan başlap, goraghanalaryň işgärleri gönüden-göni aýraryn goralýan tebigy çäkleriň nahalhanalaryndan bag nahallarynyň 2-3 ýaşlylaryny göçürýärler. Şu ýyl hem bahar paslyna çenli goraghanalaryň öň etekleriniň çäklerini tokaýlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin ýabany ösýän ösümlikleriň müňlerçe nahallary taýýarlanyldy.


Her bir goraghanada ýerli ösümlikler dünýäsiniň iň gymmatly wekilleriniň ösdürilip ýetişdirilýän nahalhanalary bar. Şeýle synag meýdançalarynda ýabanylaşyp barýan ösümlik dünýäsiniň seýrek duş gelýänlerini görmek bolýar.


Sazak, gandym we çerkez – Repetek, Amyderýa we Gaplaňgyr goraghanalarynyň, pisse – Badhyz, Köýtendag we Köpetdag goraghanalarynyň nahalhanalarynyň ösümlik dünýäsiniň esasyny düzýär. Grek hozy, türkmen arçasy, badam, ýemşeniň köp sanlysy Köpetdag we Sünt-Hasardag goraghanalarynyň synag meýdançalarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Köpetdagyň endemiki we dermanlyk ösümligi bolan türkmen mandragorasyny diňe Sünt-Hasardagda görmek bolýar. Zerewşan arçasy Köýtendagyň dag howasyny gowy görýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Wawilowyň sogany, Lemanyň we Miheliň çigildemi her baharda Badhyz goraghanasynyň nahalhanalarynda gülleýär.