Ï Gyzylinjikleriň gyşlaýan ýerlerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyzylinjikleriň gyşlaýan ýerlerinde

view-icon 956
Hazar döwlet goraghanasynda gözegçiler we ylmy işgärler üçin Hazar deňziniň türkmen kenarynda gyşlaýan suw guşlaryny hasaba almak boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi we Ramsar konwensiýsynyň Işçi toparynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Maslahatyň çäkleinde Türkmenbaşy aýlagynyň kenarynda meýdan işleri geçirildi. Onuň dowamynda sakarbalaklaryň, ördekleriň, deňiz kepderileriniň, kümüşsow we gögümtül çarlaklaryň ilkinji sürüleri hasaba alyndy. Praktiki sapaklarda ganatlylary hasaba almagyň usullarynyň tehnologiýasyna we enjamlara, guşlaryň görnüşlerini we olaryň sanyny kesgitlemek ýaly meselelere garaldy, hasaba alyş resminamalarynyň obýektiw doldurylyşy görkezildi. Hasaba almagyň dowamynda alynan maglumatlar goraghananyň tebigatynyň Ýyl ýazgylaryna giriziler we Gündogar Hazaryň monitoringiniň maglumatlarynyň umumy binýadyna gowşar.


Maslahatda toparlaryň işlejek ugurlary düzüldi hasaba alyjylaryň üç sany topary döredildi. Düzümi gözegçilerden we ylmy işgärlerden ybarat bolan birinji topar ýanwar aýynyň ikinji on günlüginiň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň merkezi bölegini öwrenmek boýunça barlag işlerini geçirer. Ol Ramsar çäkleri – Türkmenbaşy aýlagyny Demirgazyk Çelekenden we Mihaýlowskiý aýlagyna çenli çäkleri öz içine alar.

Ikinji topar goraghananyň günorta böleginiň akwatoriýasyny – Esenguly we Ekerem aralygyndaky bölegindäki guşlary hasaba alar hem-de maslahat tamamlanan badyna monitoringi geçirmek üçin iş ýerine ugrady. Maslahatda bu bölegiň Ramsar konwensiýasynyň potensial çäkleri bolup durýandygy hem-de özüniň onuň sanawyna goşulmagyna garaşylýandygy bellenildi.

Hasaba alyjylaryň üçünji topary kenaryň demirgazyk tarapynda Türkmenbaşy şäherinden Garabogaz aýlagyna çenli aralykda gözleg işlerini geçirmek bilen meşgullanar.

Maslahatda goraghananyň Ramsar derejesiniň halkara ähmiýetli suw guşlarynyň suw- batgalyk ýerleri we ýaşaýan ýerleri babatda onuň akwatoriýasynda geçirilýän gorag çäreler toplumy üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrýar diýlip nygtaldy. Geçirilýän işleriň oňyn netije berýändigine soňky bäş ýylyň içinde guşlaryň sanynyň yzygiderli artmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa goraghanalaryň suw-batgalyk ýerleriniň oňyn ýagdaýy we ünsi çekýändigini görkezýär.


“Suw-batgalyk ýerlerini, esasan hem suw guşlarynyň ýaşaýan ýeri babatda halkara ähmiýeti bolan Halkara konwensiýasyna” 1971-nji ýylyň 2 fewralynda Ramsarda (Eýran) gol çekildi. Gol çekilen güni suw- batgalyk ýerlerini goramagyň her ýylda geçirilýän Bütindünýä güni diýlip hasap edilýär. 2008-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlsi “Konwensiýa goşulaşmak hakynda” Karar kabul etdi, Bu Kararyň esasynda 2008-nji ýylyň 23-nji fewralynda BMG-nyň tebigy gurşaw baradaky konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Döwlet iş toparynyň ýanynda Ramsar konwensiýasy boýunça Iş topary tassyklanyldy. Konwensiýanyň talaplaryna layklykda, bu Iş toparynyň bilermenleri Türkmenbaşy aýlagy boýunça maglumatlary (RIS maglumatlar resminamasy) taýýarlady we berdi. 2009-njy ýylyň 3-nji iýuly Türkmenistanyň Ramsar Konwensiýasyna birleşen senesi bolup durýar hem-de Türkmenistan meýdany 267 müň gektardan gowrak bolan Türkmenbaşy aýlagy baradaky maglumatly we Ramsar Konwensiýasyna goşulan 159-njy ýurt bolup durýar. Bu aýlag özüniň ýalpakly ýerleri we kiçiräk aýlaklary bilen Ramsaryň Türkmenistandaky çäkleriniň ilkinjisi boldy.