Ï Olimpia şäherçesi üçin halylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Olimpia şäherçesi üçin halylar

view-icon 682
“Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Daşoguz çeper haly kärhanasynyň halyçylary şu günler aýratyn möhüm tabşyrygy ýerine ýetirmegiň üstünde işleýärler. Olara 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesniň çäklerinde gurulýan myhmanhanalar üçin iri ölçegli halylary dokamak ynanyldy.

Şeýle hem Daşoguzly halyçylaryň el zähmetleriniň önümleri Aşgabat şäherinde gurulýan interýerleri we beýleki häzirki zaman arhitektura toplumlaryny bezär. Gubadag etrabynda işleýän kärhananyň filialynda-önümçilik sehinde ölçegi 63 inedördül metr bolan halyny dokamagyň ahyrky işleri alnyp barylýar. Ýakynda her biriniň ölçegi on bir inedördül metr bolan göl bilen bezelen halylaryň ýedisi dokaldy. El işleriniň inçeligini talap edýän halylar özüniň ýokary syklygy, dokalşynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Daşoguzyň çeper haly kärhanasynda diňe geçen 2012-nji ýylda haly we haly önümleriniň 1872 müň manatlygy öndürildi. Bu bolsa 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýedi göterim köpdür.

Daşoguzly halyçylar ussatlyklaryny kämilleşdirmek we gadymy senediň gülläp ösmegine şert döretmek bilen, gadymy ýomut, çowdur, teke göllerini dikeltmek boýunça işleri üstünlikli dowam etdirýärler.