Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (BSG) Baş sekretary jenap Taleb Rifainiň Türkmenistana sapary dünýäde halkara syýahatçylygynyň geljegine uly umyt baglanýan ugry hökmünde biziň ýurdumyza hem-de hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde jahankeşdelik we syýahatçylyk pudagy boýunça döredilýän milli nusgasyna bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygynyň görkezýän subutnamasyna öwrüldi.
Milli Liderimiz syýahatçylygyň tebigatyň täsin galdyrýan künjeklerine we oňaýly ekologiýa hem-de baý ruhy we medeni mirasa eýe bolup durýan Türkmenistan üçin strategik taýdan möhüm ähmiýete eýedigini hem-de döwlet tarapyndan bularyň goralmagyna aýratyn üns berilýändigini belleýär. Hut taryhy-medeni özboluşlylyk we milli genji-hazyna, şol sanda tutuş dünýäde meşhur bolan türkmen halylary we ahalteke bedewleri, gadymyýetiň täsin galdyrýan binalary we dünýäniň tanymal alymlarynyň aýratyn üns berýän taryhy ýadygärlikleri ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda has wajyp ähmiýetli orny eýelemek arkaly, şu ugurda halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has sazlaşykly ösýän pudagy bolmak bilen, häzirki zaman Türkmenistanynda iş orunlaryny döretmegiň wajyp çeşmeleriniň biri bolup, durmuş-ykdysady taýdan ösüşe we halkara hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berýär. Syýahatçylyk halkymyzyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň, adatlarynyň, çeper senetleriniň, milli özboluşlylygynyň aýawly saklanylmagyny we giňden wagyz edilmegini, şeýle hem döwrebap medeniýetiň, binagärligiň we şäher gurluşygynyň, bäsdeşlige ukyply haryt önümçiliginiň ösdürilmegini, ekologik taýdan abadançylygyň we täsin galdyrýan tebigatyň goralmagyna ýardam berilmegini ugur edinýär. Bu ugurlaryň ählisi türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşiniň strategiki özenini düzýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk pudagy ýurdumyzdaky özgertmelerde ileri tutulýan ugur bolup, ähli özgertmeleriň barşynda bu ulgamy öňdäki hatarda goýýar hem-de döredijilik, hojalyk we telekeçilik bilen bagly işjeň başlangyçlary we döredijilikli işleri höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşan mahalynda, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary jenap Taleb Rifai Türkmenistanyň syýahatçylyk boýunça işjeň döwlet syýasatynyň hem-de türkmen Lideriniň ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigatyň gözel künjeklerini goramak, şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň oňlanýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzy ykdysada taýdan ösdürmegiň we ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmagyň, syýahatçylyk babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, dünýäde toplanan oňyn tejribäni öwrenmegiň we Türkmenistanyň dünýä goşulyşmagynyň serişdesi hökmünde syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen amala aşyrýan işleri bu gün anyk we önjeýli netijeleri berýär. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (BSG) Baş sekretary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwrebap milli nusgasynyň dünýäniň beýleki ýurtlary üçin görelde bolup biljekdigini hem-de halkara derejesine ykrar edilmäge mynasypdygyny aýtdy.
Mälim bolşly ýaly, BSG hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy BSG-niň we Bütindünýä jahankeşdelik we syýahatçylyk boýunça geňeşiniň (BJSG) bilelikdäki “Dünýäniň liderleri syýahatçylygy goldaýarlar” atly çäresine goşulmaga çagyrdy. Şu çäräniň çäklerinde BSG we BJSG döwletleriň hem-de hökümetleriň baştutanlaryna “açyk hat” ýollap, syýasy liderleri yzygiderli we oýlanyşykly ösüşiň gazanylmagyny üpjün etmekde syýahatçylygyň mümkinçiliklerini has doly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, syýahatçylygyň ählumumy möhüm meseleleri çözmekdäki ähmiýetini ykrar etmäge hem-de milli ykdysadyýetde syýahatçylyk pudagynyň derejesini has-da beýgeltmäge çagyrýarlar.
Türkmen Liderine bu “açyk hatyň” gowşurylmagy ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ornunyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Häzirki wagtda jahankeşdelik we syýahatçylyk pudagy medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň netijeli ugry bolup durýar.
Soňky ýyllarda döwlet derejesinde kabul edilen möhüm kararlar we resminamalar ýurdumyzyň ählumumy syýahatçylyk bazaryna çykmagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bularyň arasynda “Syýahatçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň milli maksatnamasyny”, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasyny” görkezmek bolar. 2012-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz özbaşdak döwlet düzümi hökmünde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň döretmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Şu çäreleriň ählisi ýurdumyzda syýahatçylyk bazaryny işjeň ösdürmäge, aýratynda bu pudagyň möhüm ugry bolan sapar bilen baglanyşykly bölegini ösdürmäge Türkmenistana gelýän daşary ýurt jahankeşdeleriniň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir. Biziň ýurdumyzda bolsa munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, sport, işewürlik we dynç alyş maksatly täze desgalar işe girizilýär.
Ýurdumyzda atçylygyň gadymy ýörelgelerini, meşhur ahalteke bedewlerine degişli tohumçylyk işini ösdürmek we wagyz etmek, türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyny artdyrmak maksady bilen gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumlary syýahatçylyga degişli desgalar ulgamlaryna goşuldy. Halkara atçylyk - sport toplumy Türkmenistana gelen myhmanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Jenap Taleb Rifai hem bu ýere baryp, şol ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. BSG-nyň Baş sekretary bu ýerde özünde galan täsirler barada gürrüň edende, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi barada uly alada edýändigine we degerli goldaw berýändigine tüýs ýürekden haýran galandygyny aýtdy.
Ahalteke bedewiniň diňe bir milli däl-de, eýsem, bütin dünýäniň genji-hazynasy bolup durýandygyna söz ýok. At çapmak boýunça gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan sungat bolsa häzirki wagtda hem türkmenleriň taryhy we medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki ýurdumyz “behişdi bedewleriň” dörän ýurdy hökmünde tutuş dünýäde bu tohumyň köp sanly muşdaklarynyň ünsüni çekýär. Halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy Türkmenistanyň dünýäde iri atçylyk merkezleriniň birine öwrülmegine, ýurdumyzda at üstünde syýahat etmegiň ösdürilmegine degerli ýardam berýär, atly gezelenç özboluşly syýahat etmegi halaýanlaryň arasyndaky meşhurdyr.
Islendik ýurtda muzeýler syýahatçylaryň hökmany suratda baryp görýän ýerleri hasaplanylýar. Şu jähetden alanyňda, Türkmenistanda talap edijilikli adamlary hem haýran galdyrýan we buýsandyrýan zatlary az däl. Jenap Taleb Rifainiň sapary boýunça maksatnamada Türkmenistanda medeni syýahatçylygyň şeýle baý mümkinçilikleri bilen gös-göni tanyşmak göz öňünde tutuldy. 17-nji ýanwarda myhmana ýurdumyzyň Baş milli muzeýinde saklanylýan gymmatlyklaryň täsin galdyrýan toplumlary görkezildi. Şu gün onuň Türkmen halysynyň muzeýine barmagyna garaşýylar.
Bular Bütindünýä syýahatçylyyk guramasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň diňe bir böleginiň beýanydyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde jenap Taleb Rifai bilen geçirilen duşuşykda häzirki tapgyrda ýurdumyzda syýahatçylygyň ösdürilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýlar bilen bagly meselä garaldy.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde UNWTO-nyň Baş sekretary bilen duşuşygyň barşynda milli syýahatçylyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyp ähmiýetli jähetleri barada has-da jikme-jik pikir alşyldy.
Gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri hem Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen, hususan-da, ýakyn ýyllar üçin bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi işjeňleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, BSG tarapyndan Türkmenistanyň syýahatçylyk taslamalaryna, marketing barlaglaryna we syýahatçylyk hyzmatlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, syýahatçylygyň mahabat-maglumat hünärmenleri bilen we ylmy taýdan üpjün edilişine, şol sanda maslahatlary hem-de okuw maslahatlaryny geçirmek arkaly işleriň guralyşyna bilermenlik goldawyny bermek boýunça möhüm ugurlary bellenildi.
Türkmen tarapy Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny kesgitläp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk teklipleriň toplumyny taýýarlady. Şunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi. Bu bolsa Hazaryň kenarynda üstünlikli amala aşyrylýan iri syýahatçylyk taslamasyna halkara derejesinde maglumat goldawyny bermek, ony daşary ýurt syýahatçylyk hyzmatlary bazarynda ilerletmek, myhmanhana hojalygyny, işjeň dynç alşy guramak boýunça tejribe alyşmak we bu şypahana zolagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de beýleki işlerdir.
Bu ugurda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak üçin BSG-nyň wekilleriniň şu ýylyň iýun aýynda Hazaryň kenarynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak dabaralara myhmanlar hökmünde gatnaşmaklary ilkinji ädim bolar. Häzirden öz däp-dessurlary we köpdürlüligi bilen diňe bir milli medeniýetiň baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özüniň köpöwüşginli, aýdyň görnüşleri bilen syýahatçylygyň çäksiz çeşmesini açyp görkezjek bu iri möçberli waka giňden taýýarlyk görülýär.
Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Halkara syýahatçylyk kongresini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dürli ýurtlaryň mlli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, maýadarlar hem-de dünýä syýahatçylyk bazarynyň bilermenleri, daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri çagyrylar. Forumyň işinde BSG-nyň wekillerine dünýä jahankeşdelik bazarynyň meýilleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň we maýa goýum mümkinçilikleriniň geljegi babatda bilermenlik nukdaýnazaryny bermekde uly orun degişli bolar.
Gün tertibine girizilen ýene bir mesele Türkmenistanda BSG-nyň forumyny geçirmek baradaky başlangyçdyr. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz halkara durmuşynyň ykrar edilen merkezine öwrülýär. Bu ýerde dürli ugurlar boýunça sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlaryny kesgitleýän, häzirki zamanyň örän çynlakaý meselelerini bilelikde çözmegiň ýollaryny gözlemek babatynda örän möhüm çäreler geçirilýär.
Kongresler, sergiler görnüşinde guralýan syýahatçylyk häzirki wagtda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň has depginli ösýän ugurlarydyr. Muny Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen barha artýan işewürlik gatnaşyklary hem aýdyň görkezýär.
BSG ýakyn geljek onýyllyklarda Aziýa sebitiniň işewürlik syýahatçylygynyň has ösen merkezine öwrüljekdigini çaklaýar. Köp ýyllaryň dowamynda jahankeşdeleriň iň köp barýan we köp çykdajy edýän sebiti hökmünde birinjiligi eýeläp gelen Ýewropa yklymy bu ugurda kem-kemden öňdebaryjylyk ornuny ýitirýär. Bu bolsa BSG üçin bilelikde hereket etmegiň möhüm sebit merkezi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň halkara syýahatçylygy ulgamyndaky mümkinçiliklerini dünýä syýahatçylyk bazarynyň öňdebaryjy wekillerine açyp görkezmek üçin Türkmenistanda özüniň ýöriteleşdirilen forumyny geçirmegi teklip etmäge esas döretdi.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek wezipeleri Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň 2013-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda aýratyn orun eýeleýär. Onda türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlara tanyşdyrylyş we okuw maksatly saparlary, hususan-da, Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçiriljek BSG-nyň Halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşmaklary, Awstriýa Respublikasyna we Türkiýe Respublikasyna okuw saparlary göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň milli ekspozisiýalaryny şu ýyl Berlinde, Gonkongda we Londanda geçiriljek dünýäniň iri syýahatçylyk sergilerine taýýarlamak işlerine girişildi.
Bilelikde işlemegiň meselelerini has anyk kesgitlemek maksady bilen, BMGBSG-nyň iş toparynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirildi. Bular we beýleki wakalaryň ählisi, pudak boýunça geçiriljek çäreler Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapar. Mundan başga-da, işjeň mahabat-wagyz işleri ýaýbaňlandyrylar. Olaryň hatarynda halkara we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek işleri bar. Giň halkara jemgyýetçiligine Türkmenistanyň dünýä derejesindäki özüne çekiji syýahatçylyk keşbini döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzyň şeýle keşbini döretmek wezipesi ilkinji nobatda dynç alyş şypahanasynyň halkara merkezine öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna degişlidir. Awaza BSG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde baryp görjek esasy ýerleriniň biri bolar: şu gün jenap Taleb Rifai milli syýahatçylyk zolagynda saparda bolar. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Hazaryň türkmen kenaryny özgertmegiň iri möçberli maksatnamasy bilen tanyşdyrylyş çäresi guralar, şeýle hem BSG-nyň ýolbaşçysy ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen deňiz ýakasyndaky şypahanany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalar bilen tanşar. Bu, hususan-da, akwaparky we okeanarumy öz içine alýan medeni-dynç alyş merkeziniň, Kongresler köşgüniň, häzirki zaman kottežler toplumynyň, attraksiýonlary bolan seýilgähleriň, täze gök zolaklaryň we beýlekileriň taslamalarydyr.
Jenap Taleb Refai üçin Awaza derýasy boýunça gaýykda gezelenç etmek, şypahananyň myhmanhana we dynç alyş ulgamy bilen tanyşlyk guralar. Myhman türkmen paýtagtyna gaýdyp geleninden soň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşyk geçirer. Duşuşykda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň we onuň üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň nazary meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. BSG-nyň ýolbaşçysy bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri bilen geçirjek duşuşygy bolsa syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýokary hil ülňülerini ornaşdyrmak we Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk we jahankeşdelik ulgamyna goşulyşmagyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlanar.