Ï Türkmenistan-Malaýziýa: ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Malaýziýa: ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk

view-icon 2238
Şu gün Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda şu ýokary okuw mekdebiniň, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “Institute of Technolojy PETRONAS Sdn Bhd.” (” PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik institutynyň) arasynda Özara düşünişmek hakynda üçtaraplaýyn Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ugurda halkara gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň ençemesi daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň onlarçasy bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Türkmen ýaşlary üçin diňe bir dünýä ýurtlarynyň bilim ulgamy bilen tanyşmak däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda hünär bilimini almak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bilim ulgamynda döwletara we pudagara ylalaşyklarynyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň buýurmalarynyň esasynda her ýyl biziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň dürli sebitleriniň abraýly orta-ýörite we ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga iberilýär.

Türkmen döwlet nebit we gaz instituty 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Bu tehniki ýokary okuw mekdebi şu okuw ýylynda geologiýa, geologiýa-gözleg we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gaýtadan işlemek; himiýa tehnologiýasy; kompýuter tehnologiýalary; tehnologik maşynlar we enjamlar; energetika; pudagyň kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş, menejment ýaly ugurlar boýunça nebitgaz ulgamy üçin ýokary hünärli inženerleri taýýarlamaga girişdi. Fakultetleriň ýedisini öz içine alýan institutyň 27 kafedrasynda mugallymlaryň 250-ä golaýy bilim berýär, olaryň hatarynda ylymlaryň doktorlarynyň 6-sy bolup, olaryň 5-si professor we 33-si ylymlaryň kandidatlary, 14-si dosentlerdir. Munuň özi bu ýokary okuw mekdebiň ylmy kuwwatynyň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Institutyň köpugurly işleriniň hatarynda dünýä ülňülerine laýyklykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biri – nebitgaz ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek wezipeleri bar.

Malaýziýanyň “PETRONAS” Tehnologik uniwersitetiniň professorlary Mariýamni Awangyň we Mohamed Ibragim Abdul Mutalibiň Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda beren sapaklary bu ugurda ilkinji ädimleriň biri boldy.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň myhmanlarynyň öňdebaryjy halkara mugallymçylyk tejribesiniň mekdebine öwrülen ýörite sapaklary Malaýziýanyň “PETRONAS” uniwersitetiniň köpugurly işine bagyşlandy. Amaly häsiýetli möhüm barlaglary geçirmek onuň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Duşuşygyň çäklerinde malaýziýaly professorlaryň geologiýa- gözleg hem-de nebit we gaz çykarmak bilen bagly köpýyllyk ylmy barlaglarynyň netijeleri hem beýan edildi.

Şu tapgyrda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we ” PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik instituty bilen geljegi uly bolan hyzmatdaşlyga resmi taýdan badalga berildi. Malaýziýa tarapyndan bu ýurduň ýokary okuw mekdebiniň rektory jenap Datuk Ir (Dr) Abdul Rahim Bin Haji Haşimiň gol çeken özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde TDNGI üçin okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, işgärleri we talyplary alyşmak maksatnamalaryny amala aşyrmak, talyplaryň tejribe okuwyny we önümçilik tejribesini guramak, uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygy babatda tejribe alyşmak, talyplar üçin “iş orunlarynyň ýarmarkasyny” geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda tejribe toplamagyň ýörite maksatnamasy arkaly ýokarlandyrmak we beýleki ugurlar boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk amala aşyrylar.

Umuman, şu günki waka her bir ýokary okuw mekdebiň okuw maksatlaryny ýokary hilli amala aşyrmaga, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kuwwatlyklaryny işjeň artdyrmak bilen şertlendirilen Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň ylmy-barlag işlerini ösdürmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda eziz Watanymyzyň üstünliklerini artdyrjak türkmen hünärmenleriniň ýaş neslini taýýarlamaga gönükdirilendir.