Şu gün Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda Russiýanyň “Ratiani” sirkiniň artistleriniň türkmen paýtagtynda bolýan çykyşlary jemlendi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda başlanan gastrol çykyşlarynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlaryň ajaýyp çykyşlary sirk sungatynyň muşdaklary, esasan-da, gyşky dynç alşa çykan mekdep okuwçylary üçin üýtgeşik baýramçylyk sowgady boldy.
Sirk sungatyň aýratyn görnüşi bolmak bilen, ol bütin dünýäde ulular we çagalar üçin söýgüli sungatdyr hem-de täsirli çykyşlaryň merkezidir. Sirk sahnasyndaky jadyly dünýä dabaraly baýramçylygy hem-de batyrgaýlygy, çeýeligi, gözelligi we zehini alamatlandyrýar.
Milli medengiýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň döredijilik däpleriniň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde sirk sungaty diňe bir täzeden dikeldilmän, eýsem, ol medeni dynç alyş ulgamynda görnükli orna mynasyp boldy hem-de bu ugur boýunça meşgullanýanlaryň, onuň muşdaklarynyň sany artdy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň meşhur ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Milli sirk toparlarymyzyň görkezýän oýunlary, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan we bu ugry mynasyp dowam etdirijiler bolan atly jigitleriň çykyşlary uly üstünlige beslenýär. “Galkynyş” sirk toparynyň uçaganaklap duran ahalteke bedewlerinde “Täsin atly sirk” maksatnamasy bilen Belarus Respublikasynda, ondan biraz öňräk bolsa Ukrainada ýerine ýetiren çykyşlarynyň tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Paýtagtymyzdaky Döwlet sirkinde pilleriň, ýolbarslaryň, gaplaňlaryň, kenguralaryň, ýylanlaryň, krokodiliň we beýleki köp sanly janldarlaryň gatnaşmagynda Russiýanyň, Awstriýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Eýranyň we Özbegistanyň haýwanlary türgenleşdirijileriniň ýolbaşçylygynda guralan çykyşlara sirke tomaşa etmäge gelenler uzak wagtlap el çarpdylar. Fransiýanyň meşhur “AkoReakco” sirki paýtagtymyzyň tomaşaçylaryna estrada-sirk tomaşasyny ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk günlerinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, şol sanda beýleki ýurtlarda gabat gelmeýän ajaýyp çykyşlary bilen dünýä sirk sungatynyň baýlaşmagyna goşant goşan Wernadskiý köçesiniň ugrunda ýerleşýän Uly Moskwa sirkiniň iň gowy sirk toparlarynyň biziň ýurdumyzdaky gastrol çykyşlary asylly däbe öwrüldi. “Tans edýän begemotlar”, “Günorta Amerikanyň ýyrtyjylary”, “Deňiz ýolbarslary”, “Professor Kreýziň barlaghanasy” we beýlekiler ýaly atlary bolan maksatnamalaýyn çykyşlar has-da täsirli guralypdyr. Russiýanyň haýwanlary türgenleşdirijileri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde sirk tomaşalarynyň täsirligini artdyrýan haýwanlary göwnejaý derejede saklamak üçin zerur şertleriň döredilendiginiň aýratyn belleýärler.
Ösüp barýan ýaş nesli terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, täze zehinleri höweslendirmekde, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde sirkiň möhüm ähmiýeti bardyr. Çünki, beýleki sungat ýaly, sirk hem adamlaryň beden we ruhy güýjüni kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Sirk döredijilik üçin täze gözýetimleri açmak bilen, halkyň gadymy gymmatlyklarynyň gaýtadan dikeldilmegini maksat edinýär we dünýä medeni mirasynyň gazananlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.
Russiýanyň “Göze görünmeýän adam” ady bilen ajaýyp gözbagçylyk çykyşlaryny döredijiniň hormatyna “Ratiani” diýlip atlandyrylýan sirkiniň bu gezekki çykyşlarynda türkmen tomaşaçylary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen ajaýyp we täsirli oýunlara tomaşa etdiler. XXI asyryň sirki, munuň özi täze tehnologiýalarda, inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň öňdebaryjy gazananlaryndan ybarat bolmak bilen, onuň binýadynda örän çylşyrymly hem-de fantastik çykyşlar kemala gelýär.
Birnäçe halkara bäsleşikleriniň hem-de festiwallarynyň ýeňijileri bolan fransuz sirk topary biziň ýurdumyza köp sanly we köp görnüşli masgarabaz çykyşlaryny getirdiler. Ajaýyp sazlar bilen utgaşdyrylýan çykyşlar, köp sanly haýwanlaryň gatnaşmagynda görkezilýän tomaşalar, howa akrobatikasy, ýüp üstünde görkezilýän žongler çykyşlary we beýleki köp sanly tomaşalar täsirliligi bilen tapawutlanýar. Çykyşlaryň maksatnamasynda gülküli tomaşalaryň, masgarabazlaryň çykyşlarynyň bardygyny bellemeli.
Gerbert Uýellsiň meşhur adybir romanynyň esasynda döredilen “Göze görünmeýän adam” gözbagçylyk çykyşy sirk maksatnamasynyň jemlemesi boldy. Saz bilen utgaşlykda ýerine ýetirilýän çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar we olary birden ýitip gitmek we ýene-de görünmek täsinliginiň gizlin syrlary barada pikirlnmäge mejbur edýär.
Russiýaly artistleriň döreden keşpleri arkaly ýerine ýetirilýän çylşyrymly we gülküli çykyşlar, masgarabazlaryň, gözbagçylaryň tomaşalary türkmen tomaşaçylarynda uly täsir galdyryp, ol çykyşlar birnäçe şatlyk eçildi hem-de ýatda galjy wakalara öwrüldi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Russiýanyň “Ratiani” sirkiniň guran çykyşlary tamamlandy we ol iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýakymly sahypa öwrüldi.