2013-nji ýylyň başynda Türkmenistan üçin örän möhüm çözgütleriň ençemesi kabul edildi. Şol çözgütler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we artdyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, uzak geljek üçin döwletimizi üstünlikli ösdürmegiň ygtybarly kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir. Biziň ýurdumyzyň uly ykdysady kuwwaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda maliýe-bank ulgamynda düýpli özgertmeleri maksadalaýyk hem-de yzygiderli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa bazar ykdysadyýetiniň has amatly nusgasyny döretmekden hem-de ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda netijeli çäreleriň ençemesi geçirildi we uly üstünlikler gazanyldy. Şol üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, onuň daşarky ýagdaýlaryň ýaramaz täsirine durnuklylygyny üpjün etmäge, Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen çüňňür oýlanyşykly syýasatynyň netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň esaslyk maýasynyň iň az möçberlerini kesgitleýän Karara gol çekmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň Merkezi bankynda gürrüň berişleri ýaly, bu çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň bank ulgamynyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem goýumçylaryň we karz berijileriň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Karara laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet täjirçilik banklaryna hususy maýanyň düzümindäki esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we sap peýdadan döredilen beýleki gaznalaryň erkin bölegini esaslyk maýasyny artdyrmak üçin gönükdirmäge we gazanýan sap peýdasynyň 50 göterimden az bolmadyk möçberini esaslyk maýasyny artdyrmak üçin yzygiderli gönükdirmäge ygtyýar berilýär.
Bu ädim “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyryldy. Şol maksatnamada bank işiniň derwaýys meseleleri hem-de olaryň geljegi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde ykdysadyýetiň pudaklaryna berilýän karzlaryň möçberlerini artdyrmak, banklaryň maliýe hasabatyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasabat-töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bank kartoçkalary arkaly nagt däl tölegleriň möçberlerini giňeltmek, ipoteka karz bermek ulgamyny ösdürmek, täze bank önümini ornaşdyrmak we edilýän hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmak, bank işgärleriniň hünär derejesini artdyrmak wezipeleri goýulýar.
2011-2015-nji ýyllar üçin niýetlenen maksatnamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda bank edaralarynyň işini we gözegçilik wezipesini kadalaşdyrmagy, bank düzümlerini giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Ýokarda agzalan maksatnama laýyklykda, bank ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagynda wajyp ugurlaryň biri-de banklaryň guramaçylyk-hukuk görnüşini döwlet banklaryndan paýdarlar bankyna öwürmekden ybaratdyr.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, esaslyk maýanyň ýeterlik derejesi “gorag guraly” hökümnde çykyş edýär we karz edarasynyň karzlaşdyrmak we daşyndan serişde çekmek boýunça alyp barýan işiniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Netijede karz edaralarynyň maýa bazarlaryndaky abraýy ýokarlanýar we goýumçylar tarapnydan oňa bildirilýän ynam artýar. Esaslyk maýanyň ýokary derejesi bilen karz edarasynyň milli ykdysadyýetiň bähbidi üçin netijeli iş alyp barmaga uly mümkinçilikler döredýän halkara bazaryndaky orny güýçlenýär.
Şeýle hem esaslyk maýanyň ýeterlik derejede bolmagy bank ulgamynyň maliýe taýdan durnuklylygynyň kepillikleriniň biri bolup çykyş edýär. Karzlaşdyrmak we serişde çekmek boýunça mümkinçilikleriň peselmegi we bank edarasynyň mundan soňky ykbalynyň ýokary töwekgelçilige eýe bolmagy bilen häsiýetlendirilýän maliýe bazarlaryndaky oňaýsyz ýagdaýlaryň bolup geçýän döwründe esaslyk maýanyň ýeterlik derejede bolmagy ygtybarly binýat hökmünde hyzmat edip, bank we onuň müşderler üçin kynçylykly döwri üstünlikli geçirmäge ýardam berýär.
Esaslyk maýanyň ýokary derejede bolmagy bank edarasy üçin diňe ýokary derejede maýalaşdyrylan banklar bilen iş alyp barýan maliýe bazarynyň abraýly gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümiknçilik döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bank ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hemmetaraplaýyn goldawa mynasyp bolýar we halkara bilermenleri hem-de hünärmenleri tarapyndan uly gyzyklanma döredýär. Dünýäniň abraýly maliýe düzümleri tarapyndan türkmen ykdysadyýetiniň geljekki ösüşine oňyn baha berilmegi bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň örän derwaýysdygyna we öz wagtynda amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edaýär. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýär, onuň uzakmöhletleýin geljek üçin abadançylygynyň esaslaryny berkidýär we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we beýleki maliýe edaralarynyň wekilleriniň pikirine görä, milli ykdysadyýeti özgertmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler türkmen döwletiniň dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna mümkinçilik berdi.
“The Banker” žurnalynyň Şweýsariýanyň Dawos şäherinde şu ýylyň 23-27-nji ýanwarynda geçiriljek Bütindünýä ykdysady maslahata gatnaşyjylara niýetlenen ýanwar aýyndaky ýörite sanynda çap edilen makala hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmegine, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda we ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmekde bank ulgamynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmelerine häsiýetnama berilýär. Seljerme synynyň awtorlarynyň nygtalyşy ýaly, ähli ulgamlardaky düýpli düzümleýin özgertmeler Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň durnukly hem-de sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň bank ulgamynyň kanunçylyk we kadalaşdyryjy binýadynyň özgerdilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi biziň ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
Umuman, ýokarda agzalan Kararyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler bilen birlikde banklaryň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň möçberlerini giňeltmäge, täze bank tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga oňyn täsir edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ulgamy kemala getirmäge gönükdirilen ýol bilen mundan beýläk-de ösüşe we rowaçlyga tarap ynamly barýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.