Ï Ätiýaçlandyryş işi bazar ykdysadyýeti derejesinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ätiýaçlandyryş işi bazar ykdysadyýeti derejesinde

view-icon 10545
Bazar ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler ätiýaçlandyryş kanunyna gaýtadan seredilmeginiň hökmandygyny şertlendirdi. Türkmenistanyň Meşlisiniň on ýedinji mejlisinde “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Mundan hem başga Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ätiýaçlandyryş we ätiýaçladyryş işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasy we Ätiýaçlandyryş we ätiýaçlandyryş işini 2011-2015-nji ýyllarda ösdürmek boýunça çäreler meýilnamasy tassyklanyldy.

Täze Kanun Türkmenistanda telekeçilik işiniň ugry hökmünde ätiýaçlandyryşyň esaslaryny kesgitleýär, ätiýaçlandyryş bazaryndaky gatnaşyklaryň ulgamyny düzgznleşdirýär, ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň we oňa gözegçilik edilmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

Kanunda ätiýaçlandyryş işinde ulanylýan esasy düşünjeleriň sanawy giňeldildi, ätiýaçlanyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) şertlerine üýtgeşmeler girizildi, ömrüň toplaýyş ätiýaçlandyrylyş işini amala aşyrmagy we jenaýatçylyk ýol bilen alynan ätiýaçlandyryş girdejiler ulgamyny kanunylaşdyrmagyň öňüni almak boýunça çäreleri düşündirýän täze maddalar goşuldy.

Kanun fiziki we ýuridik şahslaryň töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň hasabyna emläk we başga bähbitlerini goramalydyr. Ätiýaçlandyryş hökmany we meýletin bolup biler. Hökmany ätiýaçlanyryşyň görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş ýagdaýlaryň sanawy kanun taýdan kesgitlenilýär.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe oňa üýtgeşmeler girizmäge hukuklydyr, eger-de ol ätiýaçlandyryşyň anyk görnüşiniň ýa-da taraplaryň ylalşygynyň Düzgünlerinde göz öňünde tutulan bolsa. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanda ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin bähbit görüjileri görkezmäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe, öz garamagyna görä, olary çalyşmaga hukuklydyr.

Fiziki we ýuridik şahslaryň, şol sandaTürkmenistanyň çäginde ýerleşýän şahamçalaryyny we wekilhanalaryny hem goşmak bilen, daşary ýurt ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş obýektleri diňe Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrmaga degişlidir.

Ätiýaçlandyryjy (gaýatadan ätiýaçlandyryjy), ätiýaçlandyryş dellaly, ätiýaçlandyryş wekili, ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyrylan şahs, bähbit görüji, ygtyýarly auditor guramasy (ygtyýarly auditor), ätiýaçlandyryşa döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara, ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly telekeçilik işini amala aşyrýan başga fiziki we ýuridik şahslar ätiýaçlandyryş bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýarlar.

Ätiýaçlandyryjylaryň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň we ätiýçlandyryş dellallarynyň ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň ygtyýarnamasy esasynda hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrýar.

Türkmenistanyň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplaryna laýyk gelýän fiziki we ýuridik şahslary ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) esaslandyryjylary, oňa gatnaşyjylar ýa-da onuň paýdarlary bolup bilerler. Ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) döwlet kärhanasy, açyk ýa-da ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, hojalyk jemgyýeti, bilelikdäki kärhanalar görnüşlerinde döredilýärler.

Kanun daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda ätiýaçlandyryş babatdaky işi anyk görkezýär. Bu kanunyň 42-nji maddasyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýujylar bilelikdäki guramalary esaslandyrmak we Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş babatda işi amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamany almak bilen ätiýaçlandyryş, gaýtadan ätiýaçlandyryş, dellalçylyk işini amala aşyrmaga haklary bardyr. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş dellaly bolmadyk dahylsyzynyň-guramasynyňTürkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş dellalyny döretmäge gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň dahylsyzynyň-ätiýaçlandyryş dellalynyň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň açylmagy gadagan edilýär.

“Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bu ulgamda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy wezipelerini kesgitleýär. Olar durnukly ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmek hem saklamakdan hem-de ätiýaçlandyryş bazarynyň infrastrukturasyny döretmekden, ätiýaçlandyryş bazaryny düzgünleşdirmekden we ätiýaçlandyryş babatda işe gözegçilik barlagyny etmekden, ätiýaçlandyryjylaryň, ätiýaçlandyrylan şahslaryň, bähbit görüjileriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Ätiýaçlandyryş babatda, ätiýaçlandyryş bazarynda ýagdaýlara döwlet gözegçiligini üpjün etmegi goşmak bilen, döwlet syýasatynyň amala aşyrylyşyny Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we beýleki ygtyýarly döwlet guramalary amala aşyrýarlar.

Kanunda döwlet, ätiýaçlandyryş işine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet guramasyndan başga, jemgyýetçilik we beýleki guramalaryň ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň işine, gatyşylmagyna ýol berilmeýär. Çykdajylar bilen bagly ätiýaçlandyryşyň subýektleriniň işine esassyz goşulyşmak bahanasy bilen bagly ähli jedelli meseleler kazyýet arkaly çözülýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we wezipeli adamlar ätiýaçlandyryş işiniň subýektlerine diňe olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda görkezme berip bilýärler.

Kanunda ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) maliýe-ykdysady işi ýörite bapda berilýär. Bu ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tölege ukyplylygy we maliýe taýdan durnuklylygy bilen baglydyr. Bu görkezijileriň hatarynda esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorlarynyň, şeýle hem hususy maýasynyň iň pes möçberi kesgitlenilýär.