Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynyň barlaghanasynyň hünärmenleri bag ekmek üçin bezeg ösümlikleriniň ýerli howa şertlerine durnukly täze görnüşlerini saýlap alýarlar. Şeýle işleriň geçirilmegi netijesinde Aşgabatda kelreýteriýa, ýapon soforasy, ýapon beýisi, buzina, lnjir, sübselik, çubuşnik, hindi sireni, köp ýaprakly nar, lianalar oňat hilli ösüp ýetişýärler.
Ösümlikleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkara katalogy - delektus boýunça dürli ýurtlardan alynan tohumlyk materiallar ilki bilen karantin gözegçiliginden geçirilýär, ondan soň bolsa nahalhanada ekilýär, 2-3 ýaşynda bolsa ösümlikler degişli geografik bölegiň çäklerine ekilýär. Bu döwürde botanika bagynyň işgärleri, laborantlar, şeýle hem paýtagtyň ýokary okuw mekdepleiniň talyplary ösümlikleriň ösüşlerine gözegçilik edýärler.. Ösümlikler synagdan geçirilenden soňra bagbanlar olary açyk meýdanda bezeg bagbançylygynda, farmakologiýada ýa-da senagat önümçiliginde, mallar üçin iýmit hökmünde öri meýdan hojalygynda, miweçilikde ýa-da bagy-bossanlyga öwürmekde ulanmagy teklip edýärler.
Alymlar çöl we ýarym çöllük zolaklar şertlerinde her-hili ösýän her bir ösümlige bir-näçe ýyl bäri gözegçilik edýärler. Burnäçe ösümlikler tomsuň yssysyny we gurak howany halamaýar, beýleki ösümlikler diňe bir temperaturanyň pesliginden horluk çekmän, eýsem gyş-ýaz aýlary onuň birden üýtgäp durmagyndan horlanýarlar. Bezeg gymmatlyklaryny ýitiren baglar we gyrymsy ösümlikler önümçilikden aýrylýar, alymlar geçirýän synaglarynda täze görnüşli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge ünsi güýçlendirýärler.