Şu günler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda gyzgalaňly ýagdaý höküm sürýär. Harby talyplar gyşky synaglaryny tabşyrýarlar, şonuň bilen bir hatarda hem Watan goragçylarynyň gününe we Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilmeginiň 21 ýylllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Milli senenamanyň şanly goşa baýramynyň hormatyna Harby institutda döredijilik we sport çäreleri, dürli bäsleşikler geçirilýär. Iş ýüzünde görnüşi ýaly, bäsdeşlik ruhy bolsa bu ýokary harby mekdebiniň ýaşlaryna mahsusdyr. Olar hemişe öňdeligi eýeleýärler, şol sanda ýokary okuw mekdeplriniň arasynda geçirilýän sport çäreleriniň we predmet olimpiadalarynyň jemleri boýunça hem tapawutlanmagy başarýarlar. Harby institutynyň harby talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda soňky geçirilen spartakiadada hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplaryndan – mynasyp garşydaşlaryndan utulyp, hormatly ikinji orny eýelediler.
Bu ýokary okuw mekdebinde döredilen çeper höwesjeňler toparynyň, harby orkestri we biziň ýurdumyz üçin sportuň täze görnüşi bolan sportuň gyşky oýunlary görnüşinde özüi oňat hilli görkezen “Watançy” hokkeý toparynyň döredilmegi harby okuwçylaryň döredijilik we sport mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Bu günki gün bu ýokary okuw mekdebinde hormatly hünäri - “Watanay goramak” hünärini iki müň töweregi harby talyplar özleşdirýärler. Olaryň arasynda gyzlaryň hem bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ýokary okuw mekdebinde ynsanýetiň ajaýyp wekili bolan gyzlaryň ýüzden gowragy bilim alýar. Olar maliýe işiniň esaslary, psihologiýa, hukukşynaslyk, tyl üpjünçiligi, aragatnaşyk ýaly hünärleri özleşdirýärler.
Bu ýokary okuw mekdebinde hünärleriň 15 görnüşi boýunça sapak berilýär. Sapaklary 26 kafedranyň işleriniň çäklerinde, öz nobatynda – umumy goşun; aragatnaşyk we awtomatiki dolandyrmak ulgamy; ýörite harby taýýarlyk; howa hüjümine garşy; harby-howa artilleriýasy; dolandyrmak ýaly ýedi sany fakultetlerde tejribeli halypalar okadýarlar.
2013-nji ýylyň güýzünde Harby institut özüniň 20 ýyllygyny bellär. Geçen ýyl bu ýokary okuw mekdebiniň taryhynda aýratyn ýyllyryň biri boldy – Watan goragçylarynyň gününde Harby institutyň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Geçen ýylyň ýanwar aýyndan başlap, bu ýokary harby okuw mekdebiniň harby talyplary öz okuwlaryny harby taýýarlygy okatmagyň iň öňdebaryjy ulgamy bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebiniň durky täzelenen şäherçesinde başladylar. Bu ýokary okuw mekdebiniň okuw binalary bile goňşuçylykda eýýäm Harby institutyň ýanynda döredilen üçünji harby mekdep – Ýöriteleşdirilen harby mekdep ýerleşdi. Bu günki gün bu ýerde geljekki Watan goragçylarynyň 200-si harby tälimiň ýönekeý usullaryny öwrenýärler. Şeýle mekdepleriň üçüsinde özleri üçin batyrlyk mehdebi bolan harby hünärini saýlap alan adaty umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň ýedinji synpyny tamamlan okuwçylaryň 900-si okaýar.
Şeýle hem biziň ýurdumyzda bu institutdan başga ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak bilen Harby-deňiz instituty, Serhet instituty, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýa instituty meşgullanýar. Bu ýokary okuw mekdepleri biziň watanymyzyň harby gurluşlary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda esasy merkez bolup durýarlar.