Ï Awazada kenar ýakasynda medeniýet günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada kenar ýakasynda medeniýet günleri

view-icon 788
2013-nji ýylyň 24-30-njy iýuny aralygynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet günleri geçiriler. Bu medeni çäre türkmen halkynyň medeniýetde we sungatda gazanan ýokary üstünliklerini dabaralandyrmaga gönükdirilendir.

Bu giň göwrümli çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli görnüşli döredijilik bäsleşikleri guralar. Bu bolsa iň zehinlileri saýlap almaga we olary döwlet derejesinde sylaglamaga şert döreder.

Ýedi günüň dowamynda Awazada baýramçylyk dabaralarynyň birnäçesi, sungatyň we çeper döredijiligiň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, medeni çäreler we halkara sungat sergisi geçiriler.

Prezidenti Karara gola çekdi. Resminama laýyklykda bu medeni çäräni geçirmek barada goramaçylyk komitetini döretmek tabşyryldy we onuň düzümi tassyklanyldy.