Ï Garagumuň ýollaryna – ygtybarly gorag
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagumuň ýollaryna – ygtybarly gorag

view-icon 1583
Garagum ekoulgamyň ajaýyp çylşyrymly dünýäsi bolup, onuň goragy döwlet derejesindäki wezipe diýlip yglan edildi. Şol bir wagtyň öznde hem Türkmenistanda halk hojalygynyň desgalaryny, jülgeleri we oba hojalyk ekinlerini çölüň täsirinden goramak, zaýalanan topragy gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça meseleler üstünlikli çözülýär.Bu wajyp meseleleri çözmek bilenб Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýasi milli institutynyň hünärmenleri meşgullanýarlar, gurluşykçylara we ulanyjylara kömek hökmünde teklipler işlenilip taýýarlanylýar.


Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň çägeligi berkitmek we tokaýlaşdyrmak barlaghanasynyň müdiri Halmuhammet Ataýewiň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda institutyň işgärleri tarapyndan teklipler taýýarlanyldy, gurulýan ulag we demir ýollary üçin, şeýle hem Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly ýaly iri ýoluň hem, çägäni berkitmek işleriniň kartasy düzüldi. Gyzyklanma bildirýän edaralar bilen Aşgabat-Daşoguz-Türkmenbaşy-Farap ýolunyň ugrunda, şeýle hem Demirgazyk-Günorta ýolunyň ugrunda bag ekmek maksatnamasy taýýarlanyldy. Bu babatda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýasi milli institutyň alymlarynyň gözleg işleri Ulag ýollaryna gözegçilik, gurluşyk we ulanyş baş müdirliginiň we “Türkmenýoltaslama” taslama institutynyň amala aşyrýan uly göwrümli işleriniň bir bölegi bolup durýar.

Çöl-çäge şertlerinde awtoulag ýa-da demir ýoluny gurmak – bu enеek işiň ýarty bölegi. Olary çägäniň göçmeginden goramak boýunça ýa-da çäganiň ýeliň süýşürmeginden goramak boýunça toplumlaýyn çäräni geçirmezden olary ulanmak mümkin däl. Her bir ýagdaýda her bir anyk ýeriň tebigy häsiýetine laýyk gelýän oňaýly usul saýlanyp alynýar. Bu usullar toprak utgaşmasyna laýyk we dürli ýerasty suwly çölüň özüniň landşaft görnüşlerine deň gelýär.

Mehaniki gorag usuly – iň bir has ýaýran görnüşleriniň biridir. Bu çöllükde döredilýän we ýollara ýakyn ýerlerde gurulan gamyşdan dört burç öýjükli gamyşdan ýasalan germewlerdir. Palçyklaşdyrma usuly hem ulanylýar. Munda gum alaňlary palçyk bilen berkidilýär, çägede bir metrden gezekleşdirilip ulanylýan palçyk çarhçalary gowy netije berýär, ekologiki taýdan howpsuz bolan dürli suwuk fiksatorlar hem ulanylýar.

Meselem, gamyşdan ýasalan germewler, käwagt öwüsýän ýele baglylykda has netijeli, olaryň hatary bolsa, çägäni ýeliň süýşürmegini ep-esli azaldyp bilmäge mümkinçiligi bardyr. Şular ýaly her bir dört burç germew her ýylda bir kub metre çenli çägani tutýar we saklap bilýär. Şular ýaly goraglar fitomeliorasiýa usuly bilen – çölüň ýowuz şertlerine uýgunlaşan ösümlikler ekilse has gowy netije berýär. Şeýle dört burçlugyň içinde ekilen sazak, çerkez ýa-da gandym çäge alaňyny has hem berkitmek has netijelidir. Alymlaryň psammofit diýip atlandyrýan adaty çöl ösümlikleriniň ekilmegi Garagumyň tebigy keşbini gaýtaryp berýär, wagtyň geçmegi bilen bu ýerde sazak tokaýlygynyň döredilmegi üçin binýat tutulýar.

Berilýän tekliplerde diňe bir relýefiň gözleg işleri göz öňünde tutukman, eýsem ýeliň öwsüşiniň aýratynlygy hem nazara alynýar. Käwagtlar ýeliň öwüsişi gurluşykçylaryň peýdasyna hem bolýar. Bu haçan-da güýçli ýel öwsende ýoluň düşegi çägeden doly arassalananda bolup geçýär. Germewleri diňe bir ýoluň ýakalarynda döretmän, eýsem olary çäge alaňlarynyň göçüp-gonup ýören ýeri bolan çölüň jümmüşinde döretmek maslahat berilýär. Olaryň süýşmesiniň dinamiksy we hereket etmeginiň tizligi hem berk öwrenilýär. Relýefe köp zatlar baglydyr. Bu ýagdaýda – awtoulag ýollarynyň demir ýoldan düýpli tapawudy bardyr. Meselem, awtoulag ýollary howply ýerlerden aýlanyp geçip bilýär. Demir ýollary üçin, Çöller, ösümlikler we haýwanta dünýäsi institutynyň hünärmenleriniň beren tekliplerine esaslanyp, taslamaçylar we gurluşykçylar goragyň hökmany şertlerini – ýoluň düşegini relýefe çenli galdyrmagy ýerine ýetirýärler.

Döwlet baştutanynyň birnäçe ýyl mundan ozal gol çeken “Türkmenistanda awtoulag ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek hakynda” Kararynda bu desgalaryň üstünlikli işlemegi we ulanylmagy üçin Türkmenistanyň gurulýan we durky täzelenýän awtoulag ýollarynyň ugruny toplumlaýyn ylmy gözlegleriň geçirilmeginiň zerurdygy görkezildi. Aslyýetinde, her bir şular ýaly gurluşyk üçin ylmy gözlegler ýa-da barlag geçirmek çölüň bölegine ösboluşly monitoringine öwrülýär.

Iri ykdysady ähmiýetli taslamalar, Türkmenistanyň halk hojalygynyň möhüm desgalarynyň gurluşygy we ulanylyşy nähili hem bola uglewodorodlaryň özleşdirilýän we ulanylýan, demir we awtoulag ýolarynyň gurulýan, şonuň bilen bir wagtda hem demir ýol duralgalarynyň, ilatly nokatlaryň, senagat merkezleriniň döredilýän ýeri bolan Garagum bilen baglydyr. Olaryň çöl şertlerinde doly göwrümde işlemekleri üçin desgalary bu ýerleriniň tebigy-howa şertleriniň täsirinden ýörite goramak usullary zerurudyr.