Inisiatiwly we zehinli adamlary birikdirmäge niýetlenen 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy işjeň ýagdaýda ösýär. Aşgabat şäher komiteti döredildi. Onuň birinji dörediji ýygnagynda onuň ýolbaşçysy, şeýle hem komitetiň agzalry saýlanyldy. Häzirki wagtda sebitlerde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olarda wlaýat komitetleri dörediler, olaryň käbiri eýýäm işläp başlaýar.
Islendik döwletiň ykdysady ulgamynyň derejesi we häsiýeti köp babatda syýasy ulgamda kesgitlenilýär. Syýasatçylar we ykdysatçylar geljekde bäsdeşli göreşe gatnaşyjylar aýratyn kärhanalar ýa-da dürli döwletleriň ykdysadyýeti bolman, jemgyýetler bolar diýen netijä gelýärler. Şoňa görä-de bäsdeşli ykdysadyýeti gurmak üçin güýçli, sagdyn we “bäsdeş” jemgyýeti gurmaly diýen netije çykarylýar.
Telekeçiligi ösdürmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurtda söwdanyň ösmegine kuwwatly itergi berdi. Muňa hususy bölegiň hasabyna içerki jemi önümiň paýynyň artmagy, köp pudaklarda önümçiligiň ösmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň netijesinde işçileriň hünär derejesi ýokarlandy, täze iş orunlary döredi.
Ykdysadyýetde söwda-ýagdaýyny ýola goýmak boýunça işler telekeçilerde işjeň jemgyýetçilik ýagdaýyny emele getirmäge, ýurduň durmuşynda öz ornuňa düşünmäge şertleri döretdi. Ýurduň ösüşi progressiw ideýalar bilen hereket edýär. Bu bolsa türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga şertleri döredýär – bu ýerde adamlara syýasy we durmuş-ykdysady hukuklar we azatlyklar bolýar, bu ýerde bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. Şonuň üçin hem ýurduň işewürleriniň wekillerini birleşdirmek ideýasyndan soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde partiýany döretmek ideýasy döredi. Bu ideýa bolsa “Syýasy partiýalar hakynda” Kanunyň netijasinde amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar w telekeçiler partiýasynyň (TSTP) Merkezi geňeşiniň başlygy Orazmämmet Mämmedowyň belleýşi ýaly, partiýanyň döredilmegi adamlary ruhlandyryp, bu günki bolup geçýän taryhy wakalaryň depgini olary jebisleşdirýär. Öz ýurduňda ýaşaýandygyňa düşünmek, esasan hem, döwletiň ösmegine goşan goşýandygyňa düşünmek, durmuşy manydan doldurýar. Bu günki gün ýurduň raýatlary üçin ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, sport toplumlary gurulýar, ýollar çekilýär, gerek bolan gurluşlaryň ählisi ýola goýulýar. Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri bu işlerde täze partiýanyň agzalarynyň hem uly goşantlarynyň bardygyna buýsanýarlar.
Türkmen döwleti demokratik esaslary ösdürmegi, Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy we durmuş-ykdysady hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy özüniň borjy hasap edýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz dalaşgärlerini görkezip bilerler. Ýurduň telekeçileri, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini goramak bilen, kanunçylygy kämilleşdirmäge tekliplerini girizip bilerler, biziň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän harytlaryň we önümleriň dünýä bazarynda bäsleşmäge ukyplylygyny ýokarlandyrmaga şertleri döredýän kanunlary işläp taýýarlap bilerler.