Ï Gamburgly alymyň mugallymçylyk täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gamburgly alymyň mugallymçylyk täzelikleri

view-icon 1060
Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Gamburg uniwersitetiniň filosofiýa boýunça doktory, professor, mugallymçylyk ylymlarynyň hormatly doktory, Nemes jemgyýetiniň halkara hyzmatdaşlygy boýunça bilermeni jenap Paul Helmut Şraýer okuw sapagy bilen çykyş etdi.

Okuw-maslahatynyň dowamynda ýurduň bilim ulgamynda, ilkinji nobatda umumy bilim berýän mekdepleri 12 ýyla geçirmek bilen baglanyşykly, özgertmeleri dürmuşa geçirmek maksady bilen, iň gowy mugallymçylyk tejribesini öwrenmek we ýaýratamk meselelerine garaldy.


Halkara bilermeni iş hepdesiniň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärlerine, Aşagabat şäher bilim müdirliginiň hünärmenlerine, paýtagtyň orta bilim berýän mekdepleriniň direktorlaryna okuw sapagynyň tematiki toplumyny geçdi. ABŞ-ň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň (olaryň kyrk töwereginiň bilim ulgamyny guramakda bütewi çemeleşmeleri bar) bilim ulgamlaryna deňeşdirme seljermesi berildi. Şeýle hem olaryň esasyny düzýän okuw maksady bilen bir hatarda hünär ussatlygyna hem aýratyn üns berildi.

Bu GFR-den gelen myhmanyň Nemes jemgyýetiniň halkara hyzmatdaşlygynyň „Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ulgamynyň özgertmeleri“ bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyran onunjy iş saparydyr. Paul Hekmut Şraýer soňky ýyllaryň dowamynda halkara ylym-bilim sergilerine, konferesiýalaryna, maslahatlaryna, taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly işçi duşuşyklaryna birnäçe gezek gatnaşdy.